Güýz paslynyň gelmegi bilen ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, özüňi bu paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar.
* Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.