Hassa bolmazdan burun...

8 Sentýabr 2023
517

Güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda melhemlik, bejerijilik häsiýetleri beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi maslahat berýäris.

Zerur bolan halatynda, dümew ýaly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Witaminlere baý gök önümleri köpräk iýmeli. Dümewiň öňüni almak üçin, her hepdede milli tagamlarymyzdan gyzyl burç goşulan unaşy içip durmaly. Şeýle hem her bir adama maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.