"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuş bagtly ÝaşaÝşyň gÖzbaşydyr

Jemgyýetçilik ýerlerinde töweregiňizdäkiler bilen iki metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Agyz-burun örtügini dakynmaly hem-de onuň burny, agzy we eňegi doly ýapmalydygyna aýratyn üns bermeli.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Saglyk! Bu düşünjede adamlaryň bagtyýarlygynyň gözbaşy, döwletleriň ösüşi, ynsanyň ömür beýany ýatyr. Halkymyzyň milli sagdynlyk ýörelgeleri durmuşymyzyň menzillerinden eriş-argaç bolup geçýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň baş aladalarynyň biri adam saglygy hakdaky aladadyr. Döwlet Baştutanymyz ýakynda wideoaragatnaşyk arkaly ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda Gahryman Arkadagymyz ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm meseläniň üstünde durup geçip, şeýle belledi: «... biziň halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähim bar. Şu pähimden ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmegi üçin hemişe uly alada edip gelýär. Mähriban halkymyzyň saglygy bilen bagly işlerde hiç hili serişde gaýgyrmaýar».

Saglyk size ýaran bolsun!

Agyz-burun örtügini dakynmaly. Bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmaly. Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly.

Lukman maslahat berýär

■ Gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak we burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän fitonsitlere baýdyr. ■ Elleriňiz o diýen hapa bolmadyk ýagdaýynda bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijileriň köp mukdarda bolmagy mümkin, şol sebäpli dürli zyýansyzlandyryş erginler bilen tämizläň ýa-da sabynlap, suw bilen ýuwuň.

Maşklar saglygy berkidýär

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetde iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmek, ýaş nesli bu ugra gönükdirmek zerurdyr. Şular bilen bir hatarda, kämil bedenli, ruhubelent bolmak üçin fiziki işjeňligi ýokarlandyrmaly. Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Ir döwürlerde hem gündelik durmuşda adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, agyr zähmet endigine uýgunlaşypdyrlar. Aradan wagtyň geçmegi, tehnikanyň ösmegi bilen zähmet ýeňilleşýär we fiziki maşklary ýerine ýetirmek zerurlygy döreýär. Maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Wagtyň geçmegi bilen döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli maşklar ýerine ýetirilipdir. Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly dürli çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Şeýlelikde, bedenterbiýe maşklary kämilleşdirilipdir. Aslymyza ser salanymyzda pederlerimiz özleriniň çagalaryny sagdyn ruhly

Wagyz-nesihat çäresi

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde welaýat harby prokuraturasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda häzirki wagtda şahsy düzümiň arasynda dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çärelerini has-da güýçlendirmek, ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda tizden-tiz lukmançylyk kömegini bermek barada jikme-jik durlup geçildi. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde oňa gatnaşanlar borçnama we çagyryş boýunça harby gullukçylara Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalarynda görkezilen talaplary hem-de harby bölümiň içerki tertibini berk berjaý etmelidigi barada anyk mysallar getirmek arkaly maslahatlar berdiler. Tutuşlygyna öwüt-ündewe ýugrulan bu çärede hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy ösdürmekdäki alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, halal, zähmetsöýer ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalary hem-de Watany goramagyň her bir ynsan üçin iň jogapkärli wezipedigi barada aýratyn durlup geçildi.

Lukman Hekimiň emleri

Ençeme asyrlardan bäri halkyň dilinden düşmän gelýän tebip Lukman Hekim — Abu Aly ibn Sina «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» atly kitabynda «Her kimsäniň tebibi — onuň özüdir» diýip ýazýar. Gowy baş çykarsaň, ýerini bilip ulansaň, tebigatyň her bir ot-çöpüniň gymmatly dermandygyny ýatladýar.

Lukmanyň maslahatlary

Beden maşklarynyň peýdasy

Hereket sagdynlygyň gözbaşy hem hazynasydyr. Yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda ýerine ýetirilýän beden maşklary synalarda dörän keselçilik alamatlarynyň ötüşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär, ömrüňi uzaldýar. Sport adamyň beden we ruhy synalaryny taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar hem hereket ediş ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Sagdyn bolmak isleýän her bir adam bu maşklary elmydama yzygiderli ýerine ýetirmegi özüne ýagşy endik edinmelidir. Diňe şeýle ýagdaýda adam sagdyn bolýar, bedeniniň gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, goşmaça düşýän agrama aňsatlyk bilen döz gelmegi başarýar. Beden maşklary ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ganyň düzüminde saklanýan holesteriniň möçberini azaldýar, gan damarlarynyň iç ýüzünde holesteriniň emele gelmeginiň öňüni alýar, damarlary giňeldýär hem-de arterial gan basyşyny pese düşürýär. Geçirilen barlaglar beden maşklarynyň peýdasynyň uludygyny tassyklaýar.

Miweleriň we gök önümleriň adam saglygyna peýdasy

Ýylyň ähli paslynda miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Olar köp mukdarda dürli witaminlere we bioişjeň birleşmelere baýdyr. Miweleriň we gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Käbir miweler we gök önümler tebigy taýdan düzüminde şekere baý bolýar. Şeýle önümlerde tebigy kaloriýa örän ýokarydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümlerini iýmek maslahat berilýär. Geliň, indi miweleriň we gök önümleriň birnäçesiniň peýdasy hakynda lukmanlaryň berýän maslahatlary barada durup geçeliň. Şugundyr — adam saglygyna peýdaly gök önümleriň biridir. Onda foliý turşusy bar. Şugundyr köp mukdarda ýoda hem baýdyr. Lukmanlar şugundyryň ýüregiň kadaly işlemegine, beýniniň işjeň ýagdaýda bolmagyna, bagyrda dörejek keselleriň öňüni almaga, şeýle-de semizligi aradan aýyrmaga ýardam edýändigini belleýärler. Immuniteti pes adamlara şugundyryň şiresini içmek maslahat berilýär. Şugundyryň şiresi sowuklamanyň öňüni almakda hem peýdalydyr.

Kesellerden goranmak üçin

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar şu düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler: Keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir. Bu ýörelgelere näçe ir eýerip başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur.

Sagdynlyk — ýörelgämiz

«Bäherden» sement zawodynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy täsirli boldy. Oňa zawodyň işçileri we hünärmenleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Garly Garlyýewiň duşuşykda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak, ildeşlerimiziň eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak babatda edýän tagallalary barada täsirli gürrüň berdi. Onuň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak barada aýdanlary dykgat bilen diňlendi.

Howa çalşyk möwsüminde saglygyňy goramagyň usullary

Tebigat bize gyş, ýaz, tomus, güýz pasyllaryny peşgeş berýär. Adamyň bedeni pasyl çalşygy döwründe, şol paslyň aýratynlyklaryna görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysany bedeniň immun, maddy alyş-çalyş ulgamlary ýerine ýetirýär. Bedeniň pasyllaryň çalşygyna uýgunlaşmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry berjaý etmek wajypdyr. Munuň özi dürli keselleriň öňüni almagyň iň ygtybarly usulydyr. Ýaz paslynda adamyň witaminlere, mikroelementlere baý ter önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmegi zerurdyr. Sebäbi bu pasylda beden tomus pasly üçin uýgunlaşma hadysasyny başdan geçirýär we tomsuň jöwzaly yssy günlerinde çydamly bolmaga güýç toplaýar. Güneşli Diýarymyzda bitýän dermanlyk häsiýete eýe bolan miwelerden we gök önümlerden taýýarlanýan milli tagamlar we ösümlik ýagy goşulan dürli işdäaçarlar bedeni gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýärler. Ýazyna kakadylan miweler bilen gök çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy içgileriniň biridir. Degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp, dürli ter miweleriň şirelerini peýdalanmak zerurdyr.

Sepgitde sagdyn boluň!

Ýaz — ýylyň ajaýyp pasyllarynyň biri. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daş-töweregiň al-ýaşyl öwsüp durmasy göwnüňi joşduryp, kalbyňy heýjana getirýär. Ýöne sepgitde sähel salymda howanyň üýtgäp durmagy, ähli pasyllarda bolşy ýaly, ýazyna-da saglygymyza ünsli bolmaga borçlandyrýar. Sepgit döwründe bedenimizde howa ýagdaýyna görä uýgunlaşma hadysasy bolup geçýär we ujypsyz üýtgeşmelere hem ýokary täsirli jogap berýär. Şol sebäpden hem pasyl çalşygynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, dogry we sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Ýazyna dürli iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplaryny berjaý etmeli. Bu has-da kömelek ýaly iýmitlere degişlidir. Şonuň üçin hem diňe barlaghanalarda barlagdan geçip, ak bazarlarymyzda satuwa hödürlenýän kömelegi iýmek maslahat berilýär. Sepgitde dogry geýinmeli. Derläp daşaryk çykmak ýa-da gyzyp gelip sowuk suwa ýuwunmak, sowuk suw içmek gadagandyr. Aýakgaplar ykjam we rahat bolmalydyr.

Saglyk — ömrümiziň bezegi

1. Agyz-burun örtügini dakynmaly we jemgyýetçilik ýerlerinde iki metr howpsuz araçägi saklamaly. 2. Pasla görä geýinmegiň peýdasynyň uludygyny ýatdan çykarmaly däl.

Unaş (Goşgy)

Tagamlaryň naýbaşy,Dertlere derman unaş.Türkmeniň milli aşy,Dertlere derman unaş. «Unaş uzuň işidir»Ejem janyň öwüdi.Tagamy datly juda, Nygmatlaň iň gowusy.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar