Sepgitde sagdyn boluň!

9 Mart 2021
853

Ýaz — ýylyň ajaýyp pasyllarynyň biri. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daş-töweregiň al-ýaşyl öwsüp durmasy göwnüňi joşduryp, kalbyňy heýjana getirýär. Ýöne sepgitde sähel salymda howanyň üýtgäp durmagy, ähli pasyllarda bolşy ýaly, ýazyna-da saglygymyza ünsli bolmaga borçlandyrýar. Sepgit döwründe bedenimizde howa ýagdaýyna görä uýgunlaşma hadysasy bolup geçýär we ujypsyz üýtgeşmelere hem ýokary täsirli jogap berýär. Şol sebäpden hem pasyl çalşygynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, dogry we sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Ýazyna dürli iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplaryny berjaý etmeli. Bu has-da kömelek ýaly iýmitlere degişlidir. Şonuň üçin hem diňe barlaghanalarda barlagdan geçip, ak bazarlarymyzda satuwa hödürlenýän kömelegi iýmek maslahat berilýär.

Sepgitde dogry geýinmeli. Derläp daşaryk çykmak ýa-da gyzyp gelip sowuk suwa ýuwunmak, sowuk suw içmek gadagandyr. Aýakgaplar ykjam we rahat bolmalydyr.

Gülbahar JORAÝEWA,
Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkeziniň direktorynyň orunbasary.