Beden maşklarynyň peýdasy

10 Mart 2021
986

Hereket sagdynlygyň gözbaşy hem hazynasydyr. Yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda ýerine ýetirilýän beden maşklary synalarda dörän keselçilik alamatlarynyň ötüşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär, ömrüňi uzaldýar. Sport adamyň beden we ruhy synalaryny taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar hem hereket ediş ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Sagdyn bolmak isleýän her bir adam bu maşklary elmydama yzygiderli ýerine ýetirmegi özüne ýagşy endik edinmelidir. Diňe şeýle ýagdaýda adam sagdyn bolýar, bedeniniň gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, goşmaça düşýän agrama aňsatlyk bilen döz gelmegi başarýar.

Beden maşklary ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ganyň düzüminde saklanýan holesteriniň möçberini azaldýar, gan damarlarynyň iç ýüzünde holesteriniň emele gelmeginiň öňüni alýar, damarlary giňeldýär hem-de arterial gan basyşyny pese düşürýär. Geçirilen barlaglar beden maşklarynyň peýdasynyň uludygyny tassyklaýar.

Ogulnur GURBANOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.