Maşklar saglygy berkidýär

10 Mart 2021
1158

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetde iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmek, ýaş nesli bu ugra gönükdirmek zerurdyr. Şular bilen bir hatarda, kämil bedenli, ruhubelent bolmak üçin fiziki işjeňligi ýokarlandyrmaly. Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Ir döwürlerde hem gündelik durmuşda adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, agyr zähmet endigine uýgunlaşypdyrlar. Aradan wagtyň geçmegi, tehnikanyň ösmegi bilen zähmet ýeňilleşýär we fiziki maşklary ýerine ýetirmek zerurlygy döreýär.

Maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Wagtyň geçmegi bilen döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli maşklar ýerine ýetirilipdir. Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly dürli çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Şeýlelikde, bedenterbiýe maşklary kämilleşdirilipdir. Aslymyza ser salanymyzda pederlerimiz özleriniň çagalaryny sagdyn ruhly terbiýelemek üçin zähmet endiklerine uýgunlaşdyrypdyrlar. Geçmişimizde ýörgünli bolan milli oýunlar, ýagny ýaglyga towusmak, tanap çekmek, göreş tutmak, at münmek, hiňňildik uçmak, monjugatdy we başga oýunlar däp-dessurlarymyza ornaşypdyr. Medeni gymmatlyklarymyz bolan bu oýunlar kämilleşdirilip, zähmet terbiýeçiliginde hem uly orun tutupdyr. Şonuň üçinem aradan nijeme wagt geçenem bolsa olar ähmiýetini ýitirmän, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.