Wagyz-nesihat çäresi

10 Mart 2021
893

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde welaýat harby prokuraturasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda häzirki wagtda şahsy düzümiň arasynda dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çärelerini has-da güýçlendirmek, ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda tizden-tiz lukmançylyk kömegini bermek barada jikme-jik durlup geçildi. Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde oňa gatnaşanlar borçnama we çagyryş boýunça harby gullukçylara Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalarynda görkezilen talaplary hem-de harby bölümiň içerki tertibini berk berjaý etmelidigi barada anyk mysallar getirmek arkaly maslahatlar berdiler. Tutuşlygyna öwüt-ündewe ýugrulan bu çärede hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy ösdürmekdäki alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, halal, zähmetsöýer ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalary hem-de Watany goramagyň her bir ynsan üçin iň jogapkärli wezipedigi barada aýratyn durlup geçildi.

Kadam BAÝRAMOW,
welaýat harby prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.