Bagtyýarlygyň gözbaşy

10 Mart 2021
752

Saglyk! Bu düşünjede adamlaryň bagtyýarlygynyň gözbaşy, döwletleriň ösüşi, ynsanyň ömür beýany ýatyr. Halkymyzyň milli sagdynlyk ýörelgeleri durmuşymyzyň menzillerinden eriş-argaç bolup geçýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň baş aladalarynyň biri adam saglygy hakdaky aladadyr.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda wideoaragatnaşyk arkaly ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda Gahryman Arkadagymyz ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm meseläniň üstünde durup geçip, şeýle belledi: «... biziň halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähim bar. Şu pähimden ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmegi üçin hemişe uly alada edip gelýär. Mähriban halkymyzyň saglygy bilen bagly işlerde hiç hili serişde gaýgyrmaýar».

Gülnar ALOWOWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.