Miweleriň we gök önümleriň adam saglygyna peýdasy

10 Mart 2021
1140

Ýylyň ähli paslynda miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Olar köp mukdarda dürli witaminlere we bioişjeň birleşmelere baýdyr. Miweleriň we gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Käbir miweler we gök önümler tebigy taýdan düzüminde şekere baý bolýar. Şeýle önümlerde tebigy kaloriýa örän ýokarydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümlerini iýmek maslahat berilýär. Geliň, indi miweleriň we gök önümleriň birnäçesiniň peýdasy hakynda lukmanlaryň berýän maslahatlary barada durup geçeliň.

Şugundyr — adam saglygyna peýdaly gök önümleriň biridir. Onda foliý turşusy bar. Şugundyr köp mukdarda ýoda hem baýdyr. Lukmanlar şugundyryň ýüregiň kadaly işlemegine, beýniniň işjeň ýagdaýda bolmagyna, bagyrda dörejek keselleriň öňüni almaga, şeýle-de semizligi aradan aýyrmaga ýardam edýändigini belleýärler. Immuniteti pes adamlara şugundyryň şiresini içmek maslahat berilýär. Şugundyryň şiresi sowuklamanyň öňüni almakda hem peýdalydyr.

Taýýarlan Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.