"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Agyr atletika: üç türgenden 9 medal!

Paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýän günlerde Meksikadan hem hoş habar gelip gowuşdy. Dostlukly döwletiň Gwadalahara şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Olaryň 2-si bolsa altyn medaldyr. Bu medallaryň altysyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gaýgysyz Töräýew bilen Şahzadbek Matýakubow, üçüsini bolsa paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Änamjan Rustamowa gazandy.

Dünýä çempionaty — dünýä ykraryýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, sporty ösdürmekde, bu ugurda dünýä giňişligindäki ornumyzy giňeltmekde asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Bu aýdylanlaryň durmuşy mysalyna biz ajaýyp zamanamyzyň bezegine öwrülýän buýsançly wakalaryň mysalynda-da şaýat bolýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýän ajaýyp desgalar bu günki gün dünýä ýaryşlarynda uly netijeleri gazanýan türgenleriň badalga mekdebine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly abraýly halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýan ýurdumyz, sözüň doly manysynda, dünýäniň sport merkezine öwrüldi. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bolsa zemin ynsanlarynyň nazaryny nobatdaky gezek Garaşsyz Diýarymyza gönükdirdi. Geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň gözel Diýarymyzy baýramçylyk lybasyna besleýändigi bu wakalaryň halkymyzyň durmuşynda näderejede uly mana eýediginden habar berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolsa halkara derejesinde geçirilýän sport çärelerine baý boldy. Ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşýan saldamly goşandynyň nobatdaky y

Türkmenistan — ÝUNESKO-nyň sport düzüminiň agzasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty alyp barýar. Şunda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen netijeli dialogyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzy bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu gurama bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. 17-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, ÝUNESKO bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň agzalan komitetiň düzümine saýlanmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn ýokarlanýan abraýynyň aýdyň subutnamasy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşýan saldamly goşandynyň nobatdak

Aşgabatda iri sport baýramçylygy geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty ürkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar bu çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr. Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär. Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

Kuraşyň ýörelgesi: adalatly ýeňmek

Şu günler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa 50-ä golaý döwletden 250-den agdyk türgen gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny goramak üçin pälwanlaryň 15-si (8 zenan, 7 erkek) saýlanyp alyndy. Pursatdan peýdalanyp, «Adalat» gazetiniň okyjylarynyň adyndan türkmen türgenleriniň dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmeklerini arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr» diýen sözlerinden ruhlanan türkmen pälwanlarynyň ata Watanymyzyň Döwlet  baýdagynyň belende galdyrylmak, Döwlet senamyzyň belentden ýaňlandyrylmak hormatyny gazanjakdyklaryna ynanýarys. Ýakymly ýatlamadan başlalyň: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alnyp, oňa Wepaly diýip at berildi, soňra «Aşgabat 2017» oýunlaryna girizilen sportuň 21 görnüşi üçin onuň keşbiniň nusgalary döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallasyndan dörän şol nusgalaryň dünýämize dolmagy bilen halkymyzyň Aziada ruhy has-da göterildi. Şol şekillerde: Wepaly küşt tagtasynyň başynda. Gyzyl boks ellikli Wepaly «gyzyl ýumruga girmäge» taýýar. Wepaly — samboçy, Wepaly — taekwondoçy. Wepaly sp

Polşadan 25 medal!

Golaýda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen halkara toparlaýyn bäsleşikde türkmen ýaşlary üstünliki çykyş etdiler. Halkara bäsleşik Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Germaniýa, Awstriýa, Sloweniýa ýaly döwletlerden ýaş matematikleriň 100-e golaýyny bir ýere jemledi. Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary gatnaşyp, jemi

Maksatlara ýetmegiň ygtybarly guraly

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine biragyzdan saýlanylmagy, ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki mertebesini has-da beýgelden şatlykly waka hökmünde halkymyzda uly begenç duýgusyny döretdi. Häzirki wagtda dünýä derejesinde sport ulgamynyň ösdürilmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de, onuň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy Gün tertibiniň derwaýys maksatlaryna ýetmekde hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýändiginde jemlenýär.

Kuraş — 2023: Asylly ýörelgeler dowamat-dowam

Türkmenistanyň Kuraş boýunça milli ýygyndy topary ýurdumyzda geçirilýän dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlykly geldi. Ozal habar berşimiz ýaly, türgenlerimiz we tälimçilerimiz düýn Arkadag şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny tamamlap, paýtagtymyzdaky «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdi. Şu gün — 23-nji noýabrda myhmanhananyň mejlisler zalynda ýaşuly nesliň wekilleri milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri bilen duşuşyp, olara ak pata berdi.

Kuraş — 2023: Aşgabat myhmanlary garşy alýar

Güýzüň ajaýyp günlerinde sport baýramçylygyny guraýan paýtagtymyz dünýäniň çar ýanyndan myhmanlary garşy alýar. Şu gün — 23-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenler we olaryň tälimçileri, Halkara kuraş assosiasiýasynyň hem-de ýaryşda çykyş etjek milli federasiýalaryň wekilleri Aşgabada gelip, özleri üçin niýetlenen myhmanhanalarda ýerleşdiler.

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli geçdi Ýakynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebi bilen bilelikde sportuň stoluň üstünde oýlanýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryşa Mary şäherindäki orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglan-gyzlary gatnaşdylar.

Kuraş – gadymy göreş

Häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsüni özüne çeken kuraş uly meşhurlyga we şöhrata eýe bolup, bu göreşiň çuňňur taryhy kökleri bar. Söweş sungatynyň görnüşleriniň biri bolan kuraş Merkezi Aziýada gadymy döwürde döräpdir. Taryhçylaryň, arheologlaryň ýüze çykaran taryhy tapyndylarynyň netijesinde, sportuň bu görnüşiniň ýaşynyň, takmynan, 2,5-3 müň ýyla barabardygy tassyklanyldy. Göreşiň taryhyny ylmy taýdan subut edýän tapyndylary belläp geçsek, ýagny Goňurdepeden tapylan iki sany pälwanyň heýkeli (Miladydan öňki II müňýyllyk), Penjikentden tapylan diwar rospislerindäki (suratlaryndaky) iki sany söweşijiniň şekili, Gadymy Baktriýadan tapylan keramiki küýzelerdäki iki pälwanyň şekilleri suratlandyrylan sungat eserleri bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Türkmen göreşi Lebap welaýatynyň Amyderýanyň kenarlarynda ähli obalarynda diýen ýaly toý we uly dabaraly çärelerde tutulýan göreş bolupdyr. XIV asyrlarda dünýä belli serkerde Teýmirleň öz goşunyny fiziki taýdan güýçlendirmek üçin olary göreş bilen meşgullanmaga borçly edipdir. XX asyrdan başlap, Özbegistanda kuraş göreşine uly üns berlip başlanýar.

Ýetginjek ýaşlar bäsleşdi

Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky geňeşlikdäki sport mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyna oba ýetginjekleri gatnaşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan ýaryşyň esasy maksady ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine, köpçülikleýin bedenterbiýä giňden çekmekden, sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan we höweslendirmekden ybarat boldy. Küşt ýaryşyna gatnaşanlar özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Sporta bolan höwes we hyjuw ýaryşyň netijeligine oňyn täsirini ýetirdi. Uly gyzyklanma döreden küşt ýaryşynda 7-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Merjen Saparowa garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýeňiji boldy.

Türkmenistan dünýä derejesindäki sport döwletidir

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar Paýtagtymyz Aşgabat ýene bir iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçiriler. Ol türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.

Milli ýygyndymyz paýtagtymyzda

Düýn paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň ilkinji toparyny kabul etdi. Bir aýdan gowrak wagt bäri ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde türgenleşen Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň tälimçilerdir türgenler düzümi düýn Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasyna gelip ýerleşdi. Olar myhmanhanada dabara we duz-çörek bilen garşylanyldy. Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatyna gatnaşýan döwletleriň ählisiniň wekilleri şu myhmanhanada ýerleşer. Ýaryşyň guramaçylyk topary tarapyndan sport wekiliýetleriniň ähli amatlyklaryň gurşawynda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Söz — tälimçilerden

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýörite tabşyrygy bilen, milli ýygyndymyzyň agzalaryna Arkadag şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barmak üçin ähli mümkinçiliklerdir şertler döredildi. «Akylly» şäherde we, umuman, taýýarlygyň bütin dowamynda döredilen şertler barada ýurdumyzyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň baş tälimçileri şeýle gürrüň berdiler: Dörtguly TEJENOW,Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, kuraş boýunça erkekler ýygyndymyzyň baş tälimçisi:

Paýtagtymyzda iri sport baýramy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda şeýle sözler bar: «Güýz — hasaplaşyk möwsümi. Seniň kimdigiň mizana münýän döwri». Bu jümlede aýdylýan pikiriň köp ugurlar bilen birlikde sport ugruna hem degişlidigini aýtmak bolar. Altyn güýz — türgenleriň tutumlaryny, ýeňijini äşgär edýän birnäçe sport duşuşyklarynyň bat alýan, möwç alýan döwri. Bu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bat aljak Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öz muşdaklaryna diýseň ýakymly ýatlamalary peşgeş bermegine garaşylýar. Bilşiňiz ýaly, häzirki çempionatyň geçýän ýeri bolan Olimpiýa şäherçesi 2018-iň güýzünde hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň meýdançasyna öwrülipdi we birinjilik rekordyna baýlygy bilen hakydalarda orun alypdy. Ondan bir ýyl aňry — 2017-iň güýzüne gideliň! 17 — 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, bir tarapdan, türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary, beýleki bir tarapdan, ýokary guramaçylygy bilen dünýäni haýrana goýdy.

Türgenlerimiz kuraşa kämil taýýarlandylar

Köpetdagyň eteginde, tebigatyň iň bir tämiz ýerinde gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýän Köpugurly sport toplumy ekologiýa taýdan arassa, türgenler üçin giň mümkinçilikler döredilen ýerdir. Ajaýyp şäheriň bu sport toplumynda häzirki wagta çenli türgenleşikleriň, ýaryşlaryň ençemesi yzygiderlilikde geçirildi. Şäheriň Köpugurly sport toplumy sportuň woleýbol, futzal, boks, agyr atletika, karate, gylyçlaşmak, basketbol we göreş görnüşleri boýunça türgenleşikleri, döwlet hem-de halkara derejeli ýaryşlary geçirmeklige niýetlenendir.

Aşgabat uly sportuň toýuny toýlaýar

Şu gün ak şäherimiz Aşgabatda ýene bir ajaýyp halkara sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar. Sport baýramçylyklaryny ýokary derejede geçirýändigi bilen uly abraýa, meşhurlyga eýe bolan gözel paýtagtymyz ýene-de sportuň dost-doganlyga beslenen belent ruhuny dabaralandyrýar. Merjen paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty tertip boýunça 14-nji dünýä çempionatydyr. Türkmenistan bu iri sport baýramçylygyny Merkezi Aziýada Özbegistandan soň kabul eden ikinji döwletdir. Çempionata dünýäniň 50-den gowrak döwletinden 472  adam gatnaşýar. Munuň özi Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda gatnaşyjylaryň rekord derejesidir.

Dünýä çempionaty paýtagtymyzda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda bütinleý täze, kämil binagärlik keşbine eýe bolan Aşgabat bu gün bütin dünýäde halkara derejeli sport ýaryşlarynyň, ylmy maslahatlaryň, medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem sebitleýin sport bäsleşikleriniň ençemesi üstünlikli geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda netijeli işler batly depginlerde alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Aşgabatda birnäçe halkara derejeli syýasy we medeni maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Muňa mysal hökmünde ýaňy-ýakynda uly ruhubelentlige beslenen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalyny, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Ine, nobatdaky gezek paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty hem Aşgabadyň sport jemgyýetçiligindäki ornuny nobatdaky gezek belende

Salam, dünýä çempionaty!

Şu gün sport dünýäsiniň Güneşi «Günüň dogýan ýurdundan» däl-de, eýsem, türkmen paýtagtyndan dogdy. Çünki hut şu gün merjen paýtagtymyzda kuraş boýunça dünýä çempionatyna badalga berilýär. Ak şäherimiz Aşgabat 2014-nji ýyldaky Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryndan soň, taryhynda üçünji gezek sportuň ýene bir görnüşi boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär.