Paýtagtymyzda iri sport baýramy

22 Noýabr 2023
530

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda şeýle sözler bar: «Güýz — hasaplaşyk möwsümi. Seniň kimdigiň mizana münýän döwri». Bu jümlede aýdylýan pikiriň köp ugurlar bilen birlikde sport ugruna hem degişlidigini aýtmak bolar. Altyn güýz — türgenleriň tutumlaryny, ýeňijini äşgär edýän birnäçe sport duşuşyklarynyň bat alýan, möwç alýan döwri.

Bu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bat aljak Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öz muşdaklaryna diýseň ýakymly ýatlamalary peşgeş bermegine garaşylýar. Bilşiňiz ýaly, häzirki çempionatyň geçýän ýeri bolan Olimpiýa şäherçesi 2018-iň güýzünde hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň meýdançasyna öwrülipdi we birinjilik rekordyna baýlygy bilen hakydalarda orun alypdy. Ondan bir ýyl aňry — 2017-iň güýzüne gideliň! 17 — 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, bir tarapdan, türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary, beýleki bir tarapdan, ýokary guramaçylygy bilen dünýäni haýrana goýdy.

Gurban BABAGULYÝEW,
žurnalist.