Agyr atletika: üç türgenden 9 medal!

24 Noýabr 2023
725

Paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýän günlerde Meksikadan hem hoş habar gelip gowuşdy. Dostlukly döwletiň Gwadalahara şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar. Olaryň 2-si bolsa altyn medaldyr.

Bu medallaryň altysyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gaýgysyz Töräýew bilen Şahzadbek Matýakubow, üçüsini bolsa paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Änamjan Rustamowa gazandy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».