Dünýä çempionaty paýtagtymyzda

22 Noýabr 2023
479

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda bütinleý täze, kämil binagärlik keşbine eýe bolan Aşgabat bu gün bütin dünýäde halkara derejeli sport ýaryşlarynyň, ylmy maslahatlaryň, medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem sebitleýin sport bäsleşikleriniň ençemesi üstünlikli geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda netijeli işler batly depginlerde alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Aşgabatda birnäçe halkara derejeli syýasy we medeni maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Muňa mysal hökmünde ýaňy-ýakynda uly ruhubelentlige beslenen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalyny, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Ine, nobatdaky gezek paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty hem Aşgabadyň sport jemgyýetçiligindäki ornuny nobatdaky gezek belende galdyrjak möhüm taryhy wakalaryň biri bolar. Elbetde, amal edilýän şeýle belent maksatlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň aýdyň geljegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň miweleridir.

Ýörite habarçymyz.