Aşgabat uly sportuň toýuny toýlaýar

22 Noýabr 2023
458

Şu gün ak şäherimiz Aşgabatda ýene bir ajaýyp halkara sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar. Sport baýramçylyklaryny ýokary derejede geçirýändigi bilen uly abraýa, meşhurlyga eýe bolan gözel paýtagtymyz ýene-de sportuň dost-doganlyga beslenen belent ruhuny dabaralandyrýar.

Merjen paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty tertip boýunça 14-nji dünýä çempionatydyr. Türkmenistan bu iri sport baýramçylygyny Merkezi Aziýada Özbegistandan soň kabul eden ikinji döwletdir. Çempionata dünýäniň 50-den gowrak döwletinden 472  adam gatnaşýar. Munuň özi Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda gatnaşyjylaryň rekord derejesidir.

Ýörite habarçymyz.