''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Gadymy gymmatlyklaryň zerewşany

Türkmen halyçylyk däpleri juda gadymydyr. Baryp, üç-dört müň ýyl mundan ozal Türkmenistanda halyçylyk bilen meşgul bolnandygyny ýurdumyzda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri görkezýär. Meselem, Magtymguly etrabynyň Parahat diýen ýerinde arheologik gözleg işleri geçirilýärkä, halyçylyk senedinde ulanylýan zähmet gurallarynyň birgideni tapyldy. Olaryň ýaşyny takmynan, dört-bäş müň ýyl töweregi diýip çaklaýarlar. Türkmen halysynyň gadymylygyny subut edýän ýene bir delil bolsa, 1947 — 1949-njy ýyllarda rus arheology S.U.Rudenko tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde daglyk Altaýyň çarwa taýpalarynyň guburyndan tapylan Pazyryk halysydyr. Dünýäniň iň gadymy haly nusgasy bolan bu täsin haly doňaklykda örän gowy saklanyp galypdyr. Bu halynyň häzirkizaman türkmen halylarynyňky ýaly gyzyl ýerligi, reňk öwüşginleri we nagyşlarynyň takyk geometrik çyzyklary görenleri haýran galdyrýar. Häzir bu ajaýyp haly Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň «Ermitaž» muzeýinde saklanylýar.

«Çekizeli ak haltadan...»

Halkymyz has irki döwürlerden ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyr. Türkmen aganyň bereketli desterhany hasaplanýan uç-gyraksyz Garagum sährasynda düýeleri, iri we ownuk şahly mallary idetmek, köpeltmek bilen bir hatarda, düýe, sygyr, goýun-geçi süýdünden gatyk, çal, agaran, gurt, saryýag ýaly köp görnüşli süýt önümlerini hem taýýarlanypdyr. Şol taýýarlanylýan süýt önümleri gündelik azyk hökmünde ulanylypdyr. Şeýle köpdürli süýt önümleriniň has giň ýaýran we uly isleg bildirilýän görnüşleriniň biri hem çekize bolupdyr. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Ýazmasy agyr düşen goşgy» atly meşhur goşgusynda: Çekizeli ak haltadan Turşy damja damyp dur —

...Maly bakary bilen

Durmuş — bu ynsanyň iň ýakyn mugallymy we halypasy. Bütin ömrüne çarwa-çomrulygy mäkäm utgaşdyryp, gaýraty, erjelligi we işeňňirligi bilen günemasyny aýlan türkmen halky durmuş sapaklaryny özleşdirip bilen, nesillerine hem öwredip bilýän dana halk. * * *

Hoş habaryň joşguny

Milli gymmatlyklarymyz hem-de buýsanjymyz bolan, dünýäde deňsiz-taýsyz behişdi bedewlerimiz, wepaly alabaý itlerimiz baradaky alada hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň mydama üns merkezinde saklanýar. 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp, bedewleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ol ýerde geçiren iş maslahatynda Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar — Akdost atly türkmen alabaýynyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy dogrusynda aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, şeýle-de «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp goşgusynda waspy ýetirilýän wepaly, gujurly, gaýduwsyz hem syzgyr türkmen alabaýy asyrlarboýy halkymyzyň söýgüli jandary bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bu kitabynda dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen birlikde, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny hem açyp görkezýär. Kitapdan alabaýyň milletiň ykbalynda eýeleýän, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de türkmen filosofiýasynda eýeleýän orny barada he

Türkmen alabaýynyň şöhraty

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp görmeginiň çäklerinde Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdan hoş habary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren itşynaslyk sungatyna bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu şatlykly habar asyrlaryň hem eýýamlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, sungat derejesine ýetirilen itşynaslyk ugrunyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» atly ýaryşda iki ugur — arassa ganlylygy we owadanlygy hem-de düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby ugurlary boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky buşluk habary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde şöhratlanýandygynyň nobatd

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – dünýä şygryýetiniň göwher hazynasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyz ylmy esasda öwrenilýär, milli ýörelgelerimize belent sarpa bar. Bu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi tutuş halkymyzyň kalbynda egsilmez guwanç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyz, ene dilimiziň baýlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzda halkara maslahatlar, dabaralar yzygider geçirilýär. Şunda alymlaryň, edebiýatçylaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga oňat mümkinçilik döreýär. Şol sebäpli-de Magtymguly Pyragynyň eserlerini, nusgawy döredijiligini dünýä okyjylary okaýar, Gündogary öwreniji alymlar öwrenýär. Şonuň üçin hem dünýäde akyldar şahyra belent sarpa goýulýar, onuň döredijiligi hakynda pikirler beýan edilýär.

Salar pälwan hakda söhbet

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Salar pälwan Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesinde tutulan toýlaryň birinde Bäherdeniň Bamy obasyndan gelen Illi pälwany ýeňillik bilen ýykanda ahmyrda galan pälwan guşakdan elini aýyrman, ýene-de göreşmäge isleg bildiripdir. Türkmen göreşinde şeýle bolanda eminler adatça pälwanyň dynç almagy, gaharynyň synyp, köşeşmegi üçin az wagtlyk hem bolsa puryja gözleýärler. Olar baýrak almak, ahmyr göreşi üçin baýragy yglan etmek işlerine az hem bolsa wagt sarp edipdirler. Ýüze çykan halaty çözmek bilen bagly we indiki göreş üçin baýrak yglan etmek meselesi çözülýänçä, eminler pälwanlaryň ýüreklerini sowatmagy üçin her birine bir dilim gawun uzadypdyrlar. Illi pälwan ony iýmändir. Garşydaşynyň bu hereketini halamadyk Salar pälwan soňky tutluşykda hem ýeňiş gazanypdyr. Soňra ol güýçli pälwanlaryň gatnaşan başga bir toýunda tejenli meşhur Myrat Çaka pälwandan hem üstün çykmagy başarypdyr.

Gadymy Änewiň gymmatlyklary

Ata-babalarymyzyň ýaşap geçen ýurdunyň aýratynlygyny, gymmatly tebigy we medeni baýlyklaryny öwrenmek, mukaddes topragyny söýmek her bir ynsanyň ömrüne many berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halklaryň arasynda işjeňleşdirmäge gönükdirilen dostana gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen türki halklaryň maddy hem-de medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, ösdürmekde, geljek nesillere ýetirmekde oňyn dialogyň kemala getirilendigini uly buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň noýabrynda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de şu ýylda gadymy Änew şäherini «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Biz hem «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň gymmatlyklary hakynda «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet HALMYRADOW bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Ýagşylykda ile özün tanadan

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dogrusynda juda köp ylmy seljermeler, makalalar ýazyldy. Bu ýagdaý beýik Magtymgulynyň pikir ummanynyň giňligi we hiç haçan öz derwaýyslygyny ýitirmeýänligi bilen häsiýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan sarpanyň ajaýyp beýanydyr: Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr, Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr, Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Hakyň we halkyň dosty

Türkmen topragy Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Mäne baba, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ýusup Sarahsy, Şibli baba, Ak işan, Aşyk Aýdyň ýaly ençeme beýik ynsanlaryň, meşhur şahslaryň ömür süren mekany, ylmyň we keramatyň watany. Aryf akyldar Mäne babanyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inendigi barada. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Ol 967-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-sinde, ýekşenbe güni, häzirki Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inip, 1049-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde, anna agşamy şol obada aradan çykýar» diýip, takyk maglumat berilýär. Kakasy Abul Haýyr Ahmediň däri-derman, müşki-anbar satýan, ylymly, abraýly sopular, derwüşler, ulamalar bilen oturyşyp-turşan adam bolandygy hakynda ylmy çeşmelerde bellenilýär. Abu Seýit ylma-bilime örän teşne, kalby päk, ýaşlygyndan otuz müň beýdi ýatdan aýdyp bilýän hapyz bolup ýetişipdir. Onuň arap dilinden ilkinji sapak alan mugallymy Horasanyň belli karylaryndan hasaplanan Abu Muhammet Annazy bolupdyr.

«Ýüňüni ýakypsyňyz»

Çölde ýaşaýan dostum täzelikde gazdyran guýusynyň bol suwly çykanyna niýetläp, goňşy guýularda ýaşaýan çarwalary çagyryp, uly toý etdi. Diýlen güni daň tilkiguýruk boluberende, gum obasyna tarap ýola düşdüm. «Toýa elim boş barmaýyn» diýip, çöli etekläp oturan obanyň dükanyna sowuldym. Gerek zatlarymy alyp, ulaga ýönelenimem şoldy welin, «Ogul, ugruň hanjak?» diýen sese yzyma öwrüldim. Sakgaly döşüni ýapyp duran ýaşula hormat bilen salam berdim. Görüp otursam, ugrumyz bir ekeni, bile toýa baka ýola düşdük.

Daglara bagry badaşan

Arzylanym — arwanam

Ýakynda Mary welaýatynda iş saparynda bolanda Gahryman Arkadagymyz Garagumuň jümmüşinde kärendeçi çopan maşgalasy bilen duşuşdy. Çopan çalmaryndaky söhbetdeşlik mahaly Milli Liderimiz maldarçylygyň gadymdan gelýän ýörelgelerine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýýandyklaryny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna aýratyn möhüm orun berilýändigini nygtady. Alym Arkadagymyzyň başlan bu gürrüňi maldar we düýe maly bilen baglanyşykly maglumatlary öwreniji mirasgär hökmünde meni diýseň begendirdi. Hydyr gören ymgyr çölde gozgalan bu gürrüň, meniň pikirimçe, hökman dowam tapar, türkmene edil bedew aty, wepaly alabaýy, dowary ýaly hemişe ýakyn bolan düýe üns bereniňe, öwreneniňe, yhlas edeniňe degýän mal.

Ýunus Emräniň döredijiliginde ekerançylyk düşünjesi

Ekerançylyk bilen meşgullanmak, topraga ideg edip, ondan bol hasyl almak adamzadyň ilkidurmuş köpçülikleýin jemgyýetinden daşlaşyp, medeni derejesiniň ýokarlanyp başlan zamanyndan gözbaş alyp gaýdýar. Biz muňa türkmen topragynda dörän irki ekerançylyk we şäher medeniýetleriniň iň gadymy ojaklary bolan Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly ösen siwilizasiýaly şäherlerden aýdyň göz ýetirýäris.

Waspyň sena boldy dillerde bedew!

Geçen ýylyň soňky aýlarynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny göge uçurdy. Çünki milli aýdym-saz sungatymyz atçylyk sungaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Bedew» diýlende, ilki bilen «Görogly» şadessanynda Gyratyna atlanan, bir elinde dutary, bir elinde gylyjy bolan Görogly göz öňüňde biygtyýar janlanýar.

Guýy suwy — derde derman

Gumda önüp-ösüp, şol ýerde gojalyga ýeten Ora çopan kalbyna howsala düşse, doga okap, guýynyň daşyndan aýlanyberýär. Geň galyp, seretseňem: «Guýy — gudrat, tamdyr — keramat» diýip, kagyza ýazybermeli gyzykly gürrüňe başlaberýär: — Aňzakda ýyljajyk, tomsuna buz ýaly suwy bilen ynsanyň, haýwanyň ömrüni uzaldýan guýynyň gudrat kemi ýok. Köneler «Bir içit, bir geçit, bir metjit» gurup, olary ulanmaga bereniň sogaby soňsuzdyr» diýip, ýöne ýere aýdan däldir. «Bismilla, ýa pirim Suhy-Zinde» diýip başlaýan guýy ussasy hepdeläp işlänsoň, süýji suwa, ýogsa-da ajy, şor suwa ýetýär. Guýy gazylanda dik, göni gazmak üçin inçe ýüpüň ujundaky çyranyň çüýşesinden «şugul» daňyp sallaýarlar. Guýyň gyşaran ýerinde çyra diwara degip, ussaň harsallygyny «şugullaýar». Guýy ussasynyň birje ýalňyşy ömrüne deň. Guýy gyşarsa «üzülýär», opurylýar. Garrylar «Guýy gazýan ussa, agzyna suw damdyrylýan hassa — jany gyl üstünde» diýerdi. Öňler guýy opurylmaz ýaly, tutdan çöwlük örülip, gyrasyna bile ýetip duran buljura — halka galdyryp, agzyna-da çagaryk-gapak ýapylýar eken. Guýudan ilkinji çykan süýji suw derman hökmünde yrym üçin çyrçykly çaga, önelgesiz zenana, derdi bilinmeýän bimara berlipdir.

Täsin halyda janlanýan taryh

2024-nji ýyl — Änew şäheri «Türki dünýäniň medeni paýtagty» Taryhy çeşmelerde «Gözellik öýi» ady bilen hem belli bolan Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidi ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýadygärlik gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpüsini haýran galdyran ymaratlaryň biridir. Gynansak-da, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan aýylganç ýertitreme orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasyna zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, binanyň saklanyp galan bölekleri arheologlara we taryhçy alymlara ony öwrenmäge hem-de rejeleýiş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Buýsanç duýgusyny döreden waka

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Umumadamzat mirasy

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa şahyra uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Munuň özi berkarar türkmen döwletini, agzybirligi arzuw eden söz ussadyna, sözüň gudratyna, edebi mirasymyza halkymyzyň goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandyr. Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has hem belende göterjek bu şanly waka taýýarlyk görmegiň barşynda alnyp barylýan asylly işler halkymyzyň medeni durmuşyny has-da baýlaşdyrýar.

Magtymguly Pyragynyň çuňňur pelsepä ýugrulan şygryýet mirasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny