Arzylanym — arwanam

17 Ýanwar 2024
406

Ýakynda Mary welaýatynda iş saparynda bolanda Gahryman Arkadagymyz Garagumuň jümmüşinde kärendeçi çopan maşgalasy bilen duşuşdy. Çopan çalmaryndaky söhbetdeşlik mahaly Milli Liderimiz maldarçylygyň gadymdan gelýän ýörelgelerine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýýandyklaryny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna aýratyn möhüm orun berilýändigini nygtady.

Alym Arkadagymyzyň başlan bu gürrüňi maldar we düýe maly bilen baglanyşykly maglumatlary öwreniji mirasgär hökmünde meni diýseň begendirdi. Hydyr gören ymgyr çölde gozgalan bu gürrüň, meniň pikirimçe, hökman dowam tapar, türkmene edil bedew aty, wepaly alabaýy, dowary ýaly hemişe ýakyn bolan düýe üns bereniňe, öwreneniňe, yhlas edeniňe degýän mal.

Nurnazar JUMANAZAR ogly,
mirasgär.
Beýleki habarlar