Salar pälwan hakda söhbet

19 Ýanwar 2024
455

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Salar pälwan Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesinde tutulan toýlaryň birinde Bäherdeniň Bamy obasyndan gelen Illi pälwany ýeňillik bilen ýykanda ahmyrda galan pälwan guşakdan elini aýyrman, ýene-de göreşmäge isleg bildiripdir. Türkmen göreşinde şeýle bolanda eminler adatça pälwanyň dynç almagy, gaharynyň synyp, köşeşmegi üçin az wagtlyk hem bolsa puryja gözleýärler. Olar baýrak almak, ahmyr göreşi üçin baýragy yglan etmek işlerine az hem bolsa wagt sarp edipdirler. Ýüze çykan halaty çözmek bilen bagly we indiki göreş üçin baýrak yglan etmek meselesi çözülýänçä, eminler pälwanlaryň ýüreklerini sowatmagy üçin her birine bir dilim gawun uzadypdyrlar. Illi pälwan ony iýmändir. Garşydaşynyň bu hereketini halamadyk Salar pälwan soňky tutluşykda hem ýeňiş gazanypdyr. Soňra ol güýçli pälwanlaryň gatnaşan başga bir toýunda tejenli meşhur Myrat Çaka pälwandan hem üstün çykmagy başarypdyr.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.
Beýleki habarlar