Gadymy Änewiň gymmatlyklary

18 Ýanwar 2024
444

Ata-babalarymyzyň ýaşap geçen ýurdunyň aýratynlygyny, gymmatly tebigy we medeni baýlyklaryny öwrenmek, mukaddes topragyny söýmek her bir ynsanyň ömrüne many berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halklaryň arasynda işjeňleşdirmäge gönükdirilen dostana gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen türki halklaryň maddy hem-de medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, ösdürmekde, geljek nesillere ýetirmekde oňyn dialogyň kemala getirilendigini uly buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr.

Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň noýabrynda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de şu ýylda gadymy Änew şäherini «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Biz hem «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň gymmatlyklary hakynda «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet HALMYRADOW bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».
Beýleki habarlar