Täsin halyda janlanýan taryh

15 Ýanwar 2024
473

2024-nji ýyl — Änew şäheri «Türki dünýäniň medeni paýtagty»

Taryhy çeşmelerde «Gözellik öýi» ady bilen hem belli bolan Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidi ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýadygärlik gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpüsini haýran galdyran ymaratlaryň biridir. Gynansak-da, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan aýylganç ýertitreme orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasyna zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, binanyň saklanyp galan bölekleri arheologlara we taryhçy alymlara ony öwrenmäge hem-de rejeleýiş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar