Ýagşylykda ile özün tanadan

18 Ýanwar 2024
470

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dogrusynda juda köp ylmy seljermeler, makalalar ýazyldy. Bu ýagdaý beýik Magtymgulynyň pikir ummanynyň giňligi we hiç haçan öz derwaýyslygyny ýitirmeýänligi bilen häsiýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan sarpanyň ajaýyp beýanydyr:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Welidat HUDAÝNAZAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar