Gadymy gymmatlyklaryň zerewşany

24 Ýanwar 2024
409

Türkmen halyçylyk däpleri juda gadymydyr. Baryp, üç-dört müň ýyl mundan ozal Türkmenistanda halyçylyk bilen meşgul bolnandygyny ýurdumyzda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri görkezýär. Meselem, Magtymguly etrabynyň Parahat diýen ýerinde arheologik gözleg işleri geçirilýärkä, halyçylyk senedinde ulanylýan zähmet gurallarynyň birgideni tapyldy. Olaryň ýaşyny takmynan, dört-bäş müň ýyl töweregi diýip çaklaýarlar.

Türkmen halysynyň gadymylygyny subut edýän ýene bir delil bolsa, 1947 — 1949-njy ýyllarda rus arheology S.U.Rudenko tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde daglyk Altaýyň çarwa taýpalarynyň guburyndan tapylan Pazyryk halysydyr. Dünýäniň iň gadymy haly nusgasy bolan bu täsin haly doňaklykda örän gowy saklanyp galypdyr. Bu halynyň häzirkizaman türkmen halylarynyňky ýaly gyzyl ýerligi, reňk öwüşginleri we nagyşlarynyň takyk geometrik çyzyklary görenleri haýran galdyrýar. Häzir bu ajaýyp haly Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň «Ermitaž» muzeýinde saklanylýar.

Oral TEMIROW,
mirasgär.
Beýleki habarlar