''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýagşy söze gulak goý ...

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi bu gün diňe halkymyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň gymmatly edebi mirasy hasaplanýar. Özüniň ölmez-ýitmez edebi mirasy — şygyrlary bilen bütin dünýä tanalýan söz ussadynyň döredijiligi umumadamzat bähbidini goldaýan pikirleri bilen ähmiýetlidir. Parasatly halkymyz şahyryň döredijiligine akyl-paýhas jemlenen miras hökmünde uly ähmiýet beripdir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň edebi hazynasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 300-e golaý golýazma nusgalary saklanyp, şahyryň ömri we döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde önjeýli işler alnyp barylýar. Şol golýazmalaryň 80-e golaýy Magtymgulynyň bütewi diwanydyr.

Akyldar şahyryň paýhasa ýugrulan edebi mirasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döred

Änew — taryhyň şöhratly sahypalarynda

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, Änew şäheri hem ajaýyp özgertmelere eýe boldy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriň mekanydygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklaryna uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki nesillerimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, dürli ýyllarda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Änewden tapylan nagyşly gaplaryň, misden ýasalan

Medrese mukaddesligi

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Arykaýak (öňki Garkyn) obasynda ýerleşýän Sary işan baba medresesi gelim-gidimli ýerleriň biridir. Oba ýaşulularynyň berýän gürrüňine görä, Sary işan, takmynan, XVIII asyryň ahyrynda häzirki Arykaýak obasynda Seýithan hojanyň maşgalasynda dünýä inýär. Seýithan hoja öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolupdyr. Kiçijik Sary doganlary Rahmanberdiden, Ishakdan we deň-duşlaryndan ýiti zehini, başarnygy bilen tapawutlanypdyr. Kakasy beýleki çagalardan zehininiň artykmaçlygyny başdan aňyp, oňa ilkinji bilimi özi beripdir. Ol örän ýatkeş bolansoň, kynçylyk çekmezden, okuw derslerini tiz özleşdiripdir. Soňra döwrüniň uly bilim ojaklarynyň biri bolan Buhara medresesinde birnäçe ýyl okap bilim alýar. Soň öz dogduk obasyna dolanyp gelip, ýaşlara bilim, terbiýe beripdir. Sary dogduk obasynda uly medrese gurmagy niýet edinýär. Il-halk onuň pikirini goldapdyr. Ýerli binagär ussalar täze medresäniň gurluşygyny birnäçe ýylda tamamlapdyrlar. Medrese daşyna beýik haýat aýlanan, uly howludan ybarat bolup, onda gyzlara we oglanlara ders bermek üçin otaglar, kitaphana, azan aýtmak üçin diň, uzakdan gelen talyplar üçin hüjre jaýlaryndan we ençeme hojalyk binalaryndan ybarat bolupdyr.

Türkmen ynsanperwerliginiň nusgasy

Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň belent waspnamasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Çuňňur many-mazmuna beslenen eseri her gezek okanyňda, dürli oý-pikirlere berleniňi duýman galýarsyň. Çünki onda halkymyzyň durmuş filosofiýasy, pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri, ýaş nesilleri terbiýelemekdäki halk pedagogikasynyň inçe syrlary, zähmet terbiýesi, watansöýüjilik, taryhyň altyn sahypalary açylyp görkezilýär. Magtymguly Pyragy hem öňdengörüjilikli ylham joşgunynyň beýany bolan «Türkmen binasy» atly şygrynda: «Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, //Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýmek bilen, halkymyzyň dowamat-dowam bolan döwletlilik ýörelgesini dabaralandyrypdyr. Akyldaryň pikiriçe, türkmen binasy Zeminiň berk galasydyr, türkmen döwleti erkanalygyň, kämilligiň mekanydyr. Milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda her bir halk üçin onuň ösüşiniň dünýäniň gymmatlyklaryny kemala getirmegiň usuly hökmünde öz milli gymmatlyklaryny we paýhasyny, aňyýetini kämilleşdirmäge ymtylmagyndan başlanýandygyny belleýär. Taryhda ýurdumyzyň çäginde dürli ösüşleriň we medeniýetleriň gülläp ösen döwürleri kän bolupdyr. 

Mukaddes, mübärek aý

Biziň kalby sahawatly halkymyz musulman äleminiň göwher aýy Remezany her ýyly baýramçylyk ruhy bilen garşy alýar. Şükranalygy, ruhy päkligi, dostlugy, belent adamkärçiligi, ýagşylygy rowaçlandyrýan bu aýyň musulman äleminiň päkize asmanynda dogmagy bilen halkymyzda adaty bolmadyk ruhy galkynma emele gelmegi-de hut şonuň üçindir. Taryh — geçmişiň aýnasy. Oraza aýynyň mazmunyny we dessurlaryny her bir halkyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelýän belent ynsanperwer ýörelgeleriniň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, ynanç-ygtykatlarynyň emele getirýändigi mälimdir. Bu ugurda biziň halkymyzda gymmatly edebi hem taryhy çeşmeler jemlenipdir. Şeýle edebi nusgalaryň käbirine garap geçeliň.

Aýyň ýagşysynda

Geçen ýekşenbede Arkadag şäherinde ilkinji gezek mukaddes Oraza aýy garşy alyndy. Şol gün agşamara täze şäherde çagalaryň «Ýaremezan!..» diýýän sesleri çar tarapy gurşady. Remezan aýy hijri-kamary senenamasynyň dokuzynjy aýydyr. Ol türkmençilikde Oraza aýy diýip hem atlandyrylýar. Oraza diňe bir agyz beklenýän aý bolman, eýsem, ol ruhy arassalygyň we päkligiň nyşanydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, «aýyň ýagşysy» hasaplanýan Oraza aýyna ähli musulman halklary bilen birlikde türkmen halky hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Oraza aýynyň buşlukçysy bolsa, çagalaryň ýaremezana aýlanmasydyr. Agşamara täze Aý dogansoň, çagalaryň goňşy öýlere ýaremezana aýlanmaklary ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň biridir. Çünki çagalaryň aýdýan ýaremezanlarynda baran öýleriniň maşgala ojagyna ýagşy dileglerdir arzuwlar bar.

Gadymy we şöhratly Änew

Ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler, binagärlik desgalary, gadymy şäherleriň, galalaryň arheologik galyndylary, şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalary milli mertebämizi has-da dabaralandyrýar. Keremli türkmen topragynda dünýäde ekerançylygyň, medeniýetiň ilkinji dörän Goňurdepe, Nusaý, Marguş, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Amul ýaly taryhy binagärlik desgalary, ýadygärlikleri we döwlet taryhy-medeni goraghanalary dünýä jahankeşdelerini haýran edýär. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklaryň iň görnükli nusgalary hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan gadymy Änew şäheri hem ýadygärlikleri, adamzat ýaşaýşynyň dörän ilkinji medeni ojaklary bilen bellidir. Eneolit döwrüne degişli bolan Demirgazyk depe, Ýaryk depe, Günorta depe, Garadepe, Namazgadepe we Göksüýri ýaly gadymy künjekler Änew medeniýetiniň gadymy ilatly nokatlary hökmünde tanalýar.

Asyrlary aşan nepislik

Şu gün, ýagny 13-nji martda Türkmen halysynyň milli muzeýinde  «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň arasynda «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşik geçirildi. Halyçy gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, türkmen zenanyna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we ýaş nesillerde haly sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Birinji şert «Syrlardan dokalan gözellik» diýlip atlandyryldy. Bu şertde halyçy gelin-gyzlar Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşdyryp, haly we haly önümleriniň sergisini gurnadylar, öz saýlap alan hünäriniň taryhy, döreýşi, häzirki nesle gelip ýetişi barada buýsançly gürrüň berdiler. Ikinji şert «Zenan kalbyndan dörän nepislik» diýlip atlandyryldy. Bu şertde haly dokalanda ulanylýan tebigy reňkleriň we ýüň ýüplügiň taýýarlanylyşy hem-de ha

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). «ELBETDE, DUŞMANA SYÝASAT ÝAGŞY». Bu sözleriň Görogly begiň zybanyndan çykan sözlerdigini bilýäris. Ýöne bu pähimiň hem Oguz han atamyzdan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Oguz han nirä ýöriş etse, ilki ol ýere ilçi ýollapdyr. Ilçiler boljak jeňiň öňüni almak üçin duşmana uruşsyz boýun egmegi teklip edipdirler. Ýogsam yzdan Oguz hanyň kuwwatly goşunynyň ýetip gelýändigini aýdyp, olar duşmanyň howuny basypdyrlar. Sözümizi «Oguznamadan» alnan mysallar bilen delillendireliň: «Oguz han Antalýa şäherine ýöriş edende, ogullarynyň eline peýkam (peýkam – ilçilik alamaty – J.G.) berip, goşunyň öňünden iberýär. Oguzyň ogullary şäheriň häkimi Tekfura şeýle ýüzlenýärler: «Atamyz bizi dokuz müň kişi (birle) iberipdir we özi hem uly çerik birle geledir. Eger çünançe (şu mahal) bize itaat (tabyn) kylyp il bolursiz – any bileli, ýok erse, pitne üstündesiňiz, geliň, harb kylaly (söweşeli)».

Beýikleň gadyryn beýikler biler

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ryn­dan ruh­la­nan türk­men hal­ky­myz her bir gü­ni zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mek bi­len, toý­dan-toý­la­ra, baý­ram­lar­dan-baý­ram­la­ra bar­ýar. Be­ýik mak­sat­lar bi­len ga­dam ba­san «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýy­ly­myz hem özü­niň hoş ha­bar­dyr buş­lu­gy bi­len şan­ly se­ne­le­re bes­le­nip, tu­ruw­baş­dan be­lent ru­ha ýug­rul­ýar.

Or­ta asyr yl­my­nyň par­lak ýyl­dy­zy

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Be­ýik alym Luk­man He­kim bir­ba­da ylym­la­ryň dür­li ugur­la­ry bi­len meş­gul­la­nyp, dün­ýä­de özün­den ýag­şy at gal­dyr­ma­gy ba­şa­ran adam­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le­lik­de ady adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ta­ry­hyn­da al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan yn­san­la­ryň bi­ri bo­lan Ibn Si­na has ta­ky­gy Gün­do­ga­ryň or­ta asyr­lar akyl­da­ry Abu Aly Hü­se­ýin ibn Ab­dal­lah ibn Aly ibn Ha­san ibn Si­na ady­ny be­ýik yn­san­la­ryň ha­ta­ryn­da tut­dur­ma­gy ba­şa­ran alym­dyr.

Nusga bolup galan nesilden-nesle

Ýakynda iş sapary bilen Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda bolmak miýesser etdi. Ol ýerde durmuşynyň aglaba bölegini milli mirasymyzy öwrenmeklige bagyşlan kitaphanaçy Dursunaý Jumaýewa bilen duşuşyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň dokmaçylyk, tikinçilik, nakgaşçylyk, binagärçilik, agaç we demir ussaçylygy ýaly senet ugurlaryna degişli gymmatlyklar esasynda döreden öý muzeýi bilen tanyşdyk. Muzeýde irki döwürlerde ata-babalarymyzyň ulanan hojalyk esbaplarynyň dürli görnüşini görmek bolýar. Olaryň arasynda kädi, käşir, şugundyr ýaly gataňsy gök önümleri rendelemeklige niýetlenilip, haşamlanylyp ýasalan gural aýratyn ünsümizi çekdi. Tut agajyndan ýonulyp ýasalan guralyň merkezine dörtburç görnüşinde ýüzi gabardylan demir berkidilipdir.

«Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň!»

Magtymguly Pyragy Deňsiz bile deň eýleseň özüňni,Dert boluban, geçer sözi janyňdan.Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan, Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.***Ýagşy bilen bolsaň oba,Işiň zowky-sapa bolar.Ýigitlikde kylsaň toba, Köp derdiňe dowa bolar.***Gözläp köňül berme biwepalarga,Bak, kim wepa görmüş biwepalardan?!Goýma özüň ýersiz bu jepalarga,Kim bähre tapypdyr bu jepalardan?***Her bir sözi jana ýararÝagşy bile ýoldaş bolan.Gaçyp gutulmagyn unarÝaman bile gardaş bolan.***Köňli gara bile bolmaňlar ülpet,Ýokar andan dürli-dürli kesapat.Her niçe kömüre eýleseň yzzat —Alnyňa garasy ýokança bolmaz.

Tobany gijikdirmeli däl

Bir ýagşyzada bilen bütin ömrüni tikin-çatyna bagyşlan adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär. — Günäli halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň?

Muny bilmek gyzykly

Äşe-Patma türkmen halk mifologiýasynda zähmetkeş aýalyň howandarydyr, şeýle hem ýokary hilli düýe ýüňünden agarçäkmeni döredijidir. Bu kesp Muhammet Pygamberiň aýalynyň we gyzynyň atlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dokma ýüwürdilende, Äşe-Patmanyň hormatyna çagalara semeni paýlamak däbi bolupdyr. Olar süýji tagamdan dadyp: «Goý, ol Äşe-Patmanyň eli bilen edilen ýaly bolsun!» diýip, öý eýelerine alkyş aýdypdyrlar. Şaýly gelin — Türkmenistanyň günorta we günorta-gündogar etraplarynda ýaşaýan ilatyň arasynda meşhur bolan ruhuň ady. Uzak ýola düşýän we kümüş şaý-sepleri dakynan, owadan milli eşikdäki ýaş zenanyň keşbinde göz öňüne getirilýär.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Üstünden ençeme ýyl geçse-de, Magtymguly Pyragynyň durmuşyň dürli öwrümlerinden söz açýan dürdäne şygyrlary ýaşaýşa ýakym, kalplara mähir paýlaýar. Hut şonuň üçin hem gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň biri hasaplanylýan beýik şahyrymyzyň döredijiligi bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hökmünde sarpalanylýar. Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ruhy ahwalyny, isleg-arzuwyny, ýürek sedasyny tutuş dünýä aýan edýär. Söz ussadynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, taryhy ýolumyza, ata-babalarymyzyň durmuş baradaky garaýyşlaryna, ýörelgelerine has düýpli göz ýetirmek mümkin. Beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň gerimi giň bolansoň, onda okyjylara durmuşda sapak edinere parasatly pikirler, ruhy gymmatlyklar hem kändir. Bilşimiz ýaly, ruhy atamyz öz ýaşan döwründe il-güni agzybirlige çagyryp, bir bitewi döwleti gurmagy arzuwlapdyr. Onuň eserleriniň bir bölegi-de agzybirlige, dost-doganlyga, parahat döwlet gurmaga ýugrulan şygyrlardan ybarat bolup, kalplarda müdimilik ýaşap gelýär. Parahatçylyga, jebislige, watansöýüjilige uly sarpa goýýan halkymyz hem beýik şahyrymyzyň bu çagyryşyny ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edýär. Magtymguly Pyragynyň bu arz

Sazyň beýik güýji

Sazyň ýakymly täsiri barada söz açylanda, onuň gündeki aladadyr hysyrdylardan saplanmaga, seriňi durlamaga ýardam edýändigini bellemelidiris. Ýaşaýşa höwes döredýän ajaýyp duýgularyň çeşmesi hasaplanylýan saz ynsany rahatlandyrýar. Öňde goýan maksatlaryna ýetmeklige hyjuwlandyrýar. Bu senediň dertden saplamak, ruhuňy götermek, döredijilige ylham bermek ýaly gudratly güýji hem bar. Onuň adam beýnisine, akyl ýetirijiligine, tutuş bedenine edýän täsirini häzirkizaman ylmy subut etdi. Çünki mylaýym, ýüregiň inçe tarlaryna ýol ýasaýan sazlar beýniniň sazlaşykly işlemegine, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýän ganyň limfositleriniň köpelmegine getirýär.

Ynsan kalbynyň ruhy çyragy

Şeýdaýy, Şabende, Gaýyby, Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magrupy, Mollanepes we ýene-de ençeme şahyrlar türkmen ruhunyň täji bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň düýp özeni, ony äleme tanadan Magtymguly atamyz bolsa dünýä halklarynyň ruhy hazynasy. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» diýip belleýär. Ynsan kalbynyň ruhy lukmany, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ýaşan jemgyýetine syýasy, medeni we edebi ugurlardan ýolgörkeziji bolupdyr. Biz ony akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan aýdyň görüp bilýäris. Magtymguly Pyragy Hoja Ahmet Ýasawy ýaly köňle ýakyn adamlary özüne halypa hasaplapdyr. Nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini içgin öwrenipdir:

Ýaşmak

Ýaşmak türkmen gelinleriniň asyllylygynyň, edalylygynyň, haýalylygynyň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň nyşany hökmünde türkmen durmuşyna ornan dessur, ata-baba dowam edip gelýän däp. Ýagşy gylykly, mylaýym, sylag-sarpaly, eli çeper, dili şeker, gaýynatalaryndan, gaýynenelerinden, gaýynagalaryndan, gaýyn tarapynyň ýakyn dogan-garyndaşlaryndan ýaşynýan gelinler halk hormatyna mynasyp bolupdyr. Ýaşmak zenanyň maşgala gurmagy bilen bagly berjaý edilýän milli edim-gylymlaryň biri saýylýar. Gyzlarymyz gelinlik dünýäsine gadam basanlarynda toýuň ertesi güni gyz-gelinleriň, dogan-garyndaşlaryň gatnaşmagynda berjaý edilýän «Baş salmak» toý dessury biziň welaýatymyzda «Ýerge toý» ady bilen şu günler hem dowam edýär. Onda gyzlyk döwründe başyna geýen gupbaly tahýasy ýagşy niýet bilen baldyzynyň başyna geýdirilýär. Täze gelniň gyňajynyň bir ujy alkymynyň aşagyndan aýlanyp, agzyna ýaşmak edilýär.