Änew — taryhyň şöhratly sahypalarynda

15 Mart 2024
410

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, Änew şäheri hem ajaýyp özgertmelere eýe boldy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriň mekanydygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklaryna uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki nesillerimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, dürli ýyllarda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Änewden tapylan nagyşly gaplaryň, misden ýasalan temenleriň biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň başlaryna degişlidigi guwandyryjy taryhy wakadyr.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar