Aýyň ýagşysynda

14 Mart 2024
406

Geçen ýekşenbede Arkadag şäherinde ilkinji gezek mukaddes Oraza aýy garşy alyndy. Şol gün agşamara täze şäherde çagalaryň «Ýaremezan!..» diýýän sesleri çar tarapy gurşady.

Remezan aýy hijri-kamary senenamasynyň dokuzynjy aýydyr. Ol türkmençilikde Oraza aýy diýip hem atlandyrylýar. Oraza diňe bir agyz beklenýän aý bolman, eýsem, ol ruhy arassalygyň we päkligiň nyşanydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, «aýyň ýagşysy» hasaplanýan Oraza aýyna ähli musulman halklary bilen birlikde türkmen halky hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Oraza aýynyň buşlukçysy bolsa, çagalaryň ýaremezana aýlanmasydyr. Agşamara täze Aý dogansoň, çagalaryň goňşy öýlere ýaremezana aýlanmaklary ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň biridir. Çünki çagalaryň aýdýan ýaremezanlarynda baran öýleriniň maşgala ojagyna ýagşy dileglerdir arzuwlar bar.

Gyzylgül AMANLYÝEWA.
«Arkadag».
Beýleki habarlar