Medrese mukaddesligi

14 Mart 2024
448

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Arykaýak (öňki Garkyn) obasynda ýerleşýän Sary işan baba medresesi gelim-gidimli ýerleriň biridir.

Oba ýaşulularynyň berýän gürrüňine görä, Sary işan, takmynan, XVIII asyryň ahyrynda häzirki Arykaýak obasynda Seýithan hojanyň maşgalasynda dünýä inýär. Seýithan hoja öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolupdyr. Kiçijik Sary doganlary Rahmanberdiden, Ishakdan we deň-duşlaryndan ýiti zehini, başarnygy bilen tapawutlanypdyr. Kakasy beýleki çagalardan zehininiň artykmaçlygyny başdan aňyp, oňa ilkinji bilimi özi beripdir. Ol örän ýatkeş bolansoň, kynçylyk çekmezden, okuw derslerini tiz özleşdiripdir. Soňra döwrüniň uly bilim ojaklarynyň biri bolan Buhara medresesinde birnäçe ýyl okap bilim alýar. Soň öz dogduk obasyna dolanyp gelip, ýaşlara bilim, terbiýe beripdir. Sary dogduk obasynda uly medrese gurmagy niýet edinýär. Il-halk onuň pikirini goldapdyr. Ýerli binagär ussalar täze medresäniň gurluşygyny birnäçe ýylda tamamlapdyrlar. Medrese daşyna beýik haýat aýlanan, uly howludan ybarat bolup, onda gyzlara we oglanlara ders bermek üçin otaglar, kitaphana, azan aýtmak üçin diň, uzakdan gelen talyplar üçin hüjre jaýlaryndan we ençeme hojalyk binalaryndan ybarat bolupdyr.

Nurýagdy HOŞWAGTOW,
«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar