«Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň!»

6 Mart 2024
448

Magtymguly Pyragy

Deňsiz bile deň eýleseň özüňni,
Dert boluban, geçer sözi janyňdan.
Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,
Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.
***
Ýagşy bilen bolsaň oba,
Işiň zowky-sapa bolar.
Ýigitlikde kylsaň toba,
Köp derdiňe dowa bolar.
***
Gözläp köňül berme biwepalarga,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan?!
Goýma özüň ýersiz bu jepalarga,
Kim bähre tapypdyr bu jepalardan?
***
Her bir sözi jana ýarar
Ýagşy bile ýoldaş bolan.
Gaçyp gutulmagyn unar
Ýaman bile gardaş bolan.
***
Köňli gara bile bolmaňlar ülpet,
Ýokar andan dürli-dürli kesapat.
Her niçe kömüre eýleseň yzzat —
Alnyňa garasy ýokança bolmaz.

Beýleki habarlar