Mukaddes, mübärek aý

14 Mart 2024
456

Biziň kalby sahawatly halkymyz musulman äleminiň göwher aýy Remezany her ýyly baýramçylyk ruhy bilen garşy alýar. Şükranalygy, ruhy päkligi, dostlugy, belent adamkärçiligi, ýagşylygy rowaçlandyrýan bu aýyň musulman äleminiň päkize asmanynda dogmagy bilen halkymyzda adaty bolmadyk ruhy galkynma emele gelmegi-de hut şonuň üçindir.

Taryh — geçmişiň aýnasy. Oraza aýynyň mazmunyny we dessurlaryny her bir halkyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelýän belent ynsanperwer ýörelgeleriniň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, ynanç-ygtykatlarynyň emele getirýändigi mälimdir. Bu ugurda biziň halkymyzda gymmatly edebi hem taryhy çeşmeler jemlenipdir. Şeýle edebi nusgalaryň käbirine garap geçeliň.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Beýleki habarlar