Nusga bolup galan nesilden-nesle

6 Mart 2024
543

Ýakynda iş sapary bilen Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda bolmak miýesser etdi. Ol ýerde durmuşynyň aglaba bölegini milli mirasymyzy öwrenmeklige bagyşlan kitaphanaçy Dursunaý Jumaýewa bilen duşuşyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň dokmaçylyk, tikinçilik, nakgaşçylyk, binagärçilik, agaç we demir ussaçylygy ýaly senet ugurlaryna degişli gymmatlyklar esasynda döreden öý muzeýi bilen tanyşdyk. Muzeýde irki döwürlerde ata-babalarymyzyň ulanan hojalyk esbaplarynyň dürli görnüşini görmek bolýar. Olaryň arasynda kädi, käşir, şugundyr ýaly gataňsy gök önümleri rendelemeklige niýetlenilip, haşamlanylyp ýasalan gural aýratyn ünsümizi çekdi. Tut agajyndan ýonulyp ýasalan guralyň merkezine dörtburç görnüşinde ýüzi gabardylan demir berkidilipdir.

Bahar MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar