''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«Harmanyňa bereket!»

diýen sözler bilen lebaply daýhanlar galla oragyna guramaçylykly girişdiler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen şu gün — 7-nji iýunda welaýatymyzda Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna badalga berildi.

Ak bugdaý — ak bagtymyz

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ak bugdaýyň gadymy mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda zähmetsöýer ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen il baýlygyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, oragy guramaçylykly geçirmek şu günüň wajyp we möhüm wezipesidir.

Bol hasylyň girewi

Her bir agrotehniki çäräniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi bereketli hasylyň girewi bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Boldumsaz etrabynyň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri-de ýaşajyk gowaçalary turuwbaşdan oňat ideg bilen gurşadylar. Etrabyň «10 ýyl abadanlyk» daýhan birleşiginde hem 1550 gektar meýdana gowaça ekilip, kadaly gögerişi gazanylan ekinleriň hatarara bejergisi guramaçylykly dowam edýär. Daýhan birleşigi boýunça ekilen gowaçalaryň 640 gektary tohum üçin niýetlenendir. Gowaçalara ideg işlerinde birleşigiň Bazarbaý Duşemow, Ýagşygeldi Täzebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kärendeçiler toparlarynyň zähmetsöýer agzalary has-da tapawutlanýarlar. Giň gerimde ýaýbaňlanýan bejergi işleri gowaçalara ilkinji ösüş suwuny bermäge taýýarlyk bilen utgaşykly alnyp barylýar. Oňat ideg bilen gurşalan ýaşajyk gowaçaly atyzlar günsaýyn görklenip, ýer eýelerini begendirýär.

Ekerançylyk ylmy esasda ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda netijeli ylmy işleri alyp barmak üçin mümkinçilikler barha artýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda pudaklaýyn ylym bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynda Watanymyz üçin, ýurdumyz üçin wajyp bolan ugurlaryň üstünde işler alnyp barylýar. Biz muny türkmen ylmyny dünýä ylmy bilen utgaşykly ösdürmäge döredilen mümkinçilik hasaplaýarys.

«Galla — 2024»

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileriniň köp zähmet siňdirip ýetişdiren bereketli hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp, Watan harmanyna goşuljak günleri ýakynlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu möwsüme ykjam taýýarlyk görmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Muny nazara almak bilen, şu günlerde welaýatymyzyň ähli künjeklerinde bu ugurdaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Gök ekinleriň idegi ýetirilýär

Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Zemin açary» hususy kärhanasy gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýar. Onuň ýolbaşçysy Bibijan Hallyýewa 1048 gektar ýeri 99 ýyl möhleti bilen kärendesine alyp, gök-bakja ekinlerini ekýär. Bu ýerde daýhançylyk tejribesine esaslanmak bilen, bir ýylda iki, üç hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Irki ýeralmanyň yzyndan ekilýän giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy ösüp ýetişýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda başarjaň daýhan 626 gektar ýeralma, 10 gektar bakja, 101 gektar sogana, 10 gektar hyýara, 41 gektar pomidora, 12 gektar ýazlyk käşire, 1 gektar keleme ideg edýär.

Bol hasylyň binýady

Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşigi oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolmak bilen, bu babatda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda ady agzalýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu ýerde şol gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrundaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl ekiş möwsüminde 1510 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş aldylar. Munuň özi atyz-meýdanlarda gowaçalaryň hatararasyny ýumşatmak, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak ýaly bejergi çärelerine öz wagtynda girişmäge hem-de olary turuwbaşdan ýokary depgine çykarmaga mümkinçilik berdi.

Ene toprak nygmat eçilýär

Ýurdumyzyň senagatyny zerur çig mallar bilen üpjün etmekde daýhanlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň yhlasly zähmetleriniň, birleşen tagallalarynyň netijesinde ýylyň-ýylyna gowaçanyň hem bereketli hasyly ýygnalyp alynýar. Bu il-ýurt bähbitli işde hususy ýer eýeleriniň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň ilhalar çözgüdine laýyklykda olara uzakmöhletleýin ýer bölekleri berildi. Şeýle çemeleşme daýhanlaryň ene topraga hyzmat etmäge, ondan bol hasyl almaga bolan höweslerini düýpli artdyrdy. Şeýle daýhanlaryň biri-de Myrat Seýidowdyr. Ol Hojambaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde özüne berlen ekin meýdanynda dürli ekinleri ösdürip ýetişdirip, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýar. Janypkeş ýer eýesiniň şu ýylky tutumy has-da uly. Ol geçen baharda 30 gektar meýdana gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum hatasyz gögerdi. Häzirki günlerde daýhan köp wagtyny gowaçalary ýekelemäge, haşal otlardan arassalamaga, ekinleriň hatar aralaryny bejermäge we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge sarp edýär.

Harmanyňa bereket, gallaçy!

Daýhan kalbyny uly şatlyga besläp, galla oragy ýetip geldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen ertir welaýatymyzda Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna badalga berler. Ilmyrat Garajaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda tutuş welaýatymyz boýunça galla oragyna başlangyç berilmegi ýöne ýerden däl. Daýhan birleşiginiň edermen ýer eýeleri oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu hojalygyň başlygy hem, edermen kärendeçileri hem ekine-topraga hyzmat edip, göwün islän hasyllaryny almak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Ilmyrat Garajaýew daýhan birleşigine alty ýyldan gowrak wagtdan bäri ýolbaşçylyk edýär, ondan öňinçä agronom bolup işlän onlarça ýylyň dowamynda ene topraga hyzmat edip, baý iş tejribesini toplady. Bu ýerde her ýyl bugdaýdyr şalydan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýygnaýarlar. Geçen ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary bugdaý ekilen ýerleriň 900 gektarynda azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişd

Göwnejaý ideg edilýär

Bol hasylyň aladasy Welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1 müň 100 gektar meýdanda azyklyk soganyň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Şonça meýdandan 27 müň 500 tonna hasyl almagy göz öňünde tutýan daýhanlar endigan boý alýan soganly meýdanlarda ideg işlerini göwnejaý ýola goýýarlar. Ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda, guramaçylykly alnyp barylýar. Suwuň siňňitli, endigan tutulmagy bolsa, hasyllylygyň ýokarlanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär.

Galla — 2024

JOGAPKÄRLI MÖWSÜMIŇ BOSAGASYNDA Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň bady rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny belent sepgitlere ýetirmek, azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly tagallalar edilip, ýokary netijeler gazanylýar.

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Harmanyňyza bereket! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagatynyň esasy çig malynyň biri bolan piläniň öndümli hasylynyň ýetişdirilmegine çemeleşilýär.

Galla oragy — jogapkärli möwsüm

Bosagada — galla oragy möwsümi. Oba hojalygyndaky möhüm we jogapkärli möwsüme Ahal welaýatynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyndan ugur alnyp, welaýatda möwsüme taýýarlykly başlamak, bökdençsiz alyp barmak we ýetişdirilen hasyly gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak boýunça guramaçylyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ekerançylygyň mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň ak ekin ussatlary üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekip gelýärler. Olaryň baş maksady şol ýerden dokmaňyz dänäniň 400 müň tonnasyny almakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu günler ekiniň ahyrky ideg işlerini alyp barýan welaýatyň janypkeş daýhanlary öňdäki gaýragoýulmasyz işe — galla oragyna taýýarlygy birjik-de ünsden düşürmeýärler.

Maldarçylykda biotehnologiýa usullary

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» biotehnologiýa ylmyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Biotehnologiýa täze, uly geljegi bolan ylymdyr. Ol maldarçylyk pudagynda biologiki işleri ulanmakdyr. Biotehnologiýa önümçilik we dürli önümleri, şol sanda ykdysady taýdan peýdaly mallaryň tohumlaryny döretmek üçin bedenleri we biologiki işleri ulanylýan senagat usullarynyň jemidir. Onuň esasy maksady ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Maldarçylykda ol, esasan-da, köp önüm berýän mallaryň genofonduny ýüze çykarmakda peýdalanylýar. Bu ylmyň önümi oba hojalygyna zerur bolan biologiki işjeň maddalary mikrobedenjikler tarapyndan döredilýär. Mikrobedenjikler bolsa öz gezeginde oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmekde gerek bolan çalşyp bolmaýan aminokislotalary döredýär.

Galla oragyna taýýarlyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ýetişdirýän Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary häzirki günlerde tutanýerli zähmet çekmek bilen, galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Galla oragynda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly däne orujy kombaýnlarynyň hyzmatyndan peýdalanylar. Häzirki wagtda kuwwatly kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda bolup, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Etrapda galla kabul ediş kärhananyň, tohumlyk bugdaý hasylynyň kabul ediljek ýerleriniň, hasyly daşajak awtoulaglaryň, şeýle-de elewatorlaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

«Ak bägül» almasy

Dünýäde almanyň sekiz müňe golaý görnüşi bar. Alma dünýäde iň köp ekilýän miwe agajydyr. Olar bir-birinden tagamy, görnüşi, ýetişdirilişi, hasyllylygy boýunça tapawutlanýarlar. Almanyň «ak bägül» sortuny göreniňde, onuň armyt pisint daşky görnüşine haýran galýarsyň. Ak öwüşginli, süýrümtik şekilli almanyň bu görnüşi tagamynyň süýjüligi, şireliligi, ýumşaklygy, bark urýan ýakymly ysynyň bardygy hem-de düzüminiň peýdalydygy bilen hem tapawutlanýar. Gadymy döwürlerden bäri ol Şri-Lankada bezeg ösümligi hökmünde ýetişdirilipdir. «Ak bägül» almasynyň agajy ýagtyny, ýyly howa durumyny halaýar. Agaç ekilensoň, 3-4 ýyl geçirip, hasyla durýar. Bir agaçdan takmynan 30-40 kilogram hasyl ýygnap bolýar. Ýöne ony köp wagt saklap bolanok. Şol sebäpden miweleri dessine gaýtadan işlemäge, ýagny şerbet, miwe suwuny, mürepbe taýýarlaýan kärhanalara goýberilýär. «Ak bägül» almasynyň agajy hemişe gök öwüsýän agaçlara degişli. Almanyň bu görnüşi Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlarda ösýär. Agajyň boýy 3-5 metre barabardyr. Agaç ynjyk däldigi sebäpli, bagbanlar ony owadanlyk üçin ýörite gaplarda hem ekip, ondan 100-200-e golaý alma hasylyny alýarlar.

Gallam bar — tyllam bar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda agzybir daýhanlarymyz agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gök-bakjanyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda tamamlap, olaryň ideg işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Doly gögeriş alnan ýaşajyk gowaçalaryň ýekeleme, hatarara bejergi, olary zyýankeşlerden goramak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Möwsümde etrap boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki taýdan hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Şeýle hem orak möwsümine gatnaşjak awtoulaglaryň, tirkegleriň meýilnamasy düzüldi. Etrap boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almaklyga garaşylýar. Ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Şeýle kärendeçileriň biri hem etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletowdyr. ol özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden ýokary geçirmegi maksat ediný

Kesbinden kemal tapan balaryçy

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Miweli bagçylykda täzeçil çemeleşme Täze Zelandiýanyň «Plant and Food Research» ylmy-barlag merkezi miweli baglary ekmegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu usul iki ölçegli gurluşyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrar, şeýle hem geljekde miweçilik pudagynda robotlary peýdalanmak üçin şertleri döreder.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Welaýatymyzyň zähmetsöýer  pileçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümini guwandyryjy netijeler bilen jemleýärler.  Munuň şeýledigini berlen şertnamalaýyn tabşyryklary  artygy bilen berjaý edýän daýhan birleşikleriniň, aýry-aýry ýüpekçi kärendeçileriň barha artmagy, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň tassyklaýar. Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri döwlet harmanyna 13,1 tonna pile goşup, bellenilen meýilnamany öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Bu üstünlikde 694 kilogram pile öndüren Erkin Abdyllaýewiň, 253 kilogram hasyl tabşyran Almahan Gutlymyradowanyň, 212 kilogram pile ýygnan  Öktem Kamalowyň mynasyp paýlary bar.