«Ak bägül» almasy

4 Iýun 2024
135

Dünýäde almanyň sekiz müňe golaý görnüşi bar. Alma dünýäde iň köp ekilýän miwe agajydyr. Olar bir-birinden tagamy, görnüşi, ýetişdirilişi, hasyllylygy boýunça tapawutlanýarlar. Almanyň «ak bägül» sortuny göreniňde, onuň armyt pisint daşky görnüşine haýran galýarsyň. Ak öwüşginli, süýrümtik şekilli almanyň bu görnüşi tagamynyň süýjüligi, şireliligi, ýumşaklygy, bark urýan ýakymly ysynyň bardygy hem-de düzüminiň peýdalydygy bilen hem tapawutlanýar. Gadymy döwürlerden bäri ol Şri-Lankada bezeg ösümligi hökmünde ýetişdirilipdir.

«Ak bägül» almasynyň agajy ýagtyny, ýyly howa durumyny halaýar. Agaç ekilensoň, 3-4 ýyl geçirip, hasyla durýar. Bir agaçdan takmynan 30-40 kilogram hasyl ýygnap bolýar. Ýöne ony köp wagt saklap bolanok. Şol sebäpden miweleri dessine gaýtadan işlemäge, ýagny şerbet, miwe suwuny, mürepbe taýýarlaýan kärhanalara goýberilýär. «Ak bägül» almasynyň agajy hemişe gök öwüsýän agaçlara degişli. Almanyň bu görnüşi Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlarda ösýär. Agajyň boýy 3-5 metre barabardyr. Agaç ynjyk däldigi sebäpli, bagbanlar ony owadanlyk üçin ýörite gaplarda hem ekip, ondan 100-200-e golaý alma hasylyny alýarlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljan ROZYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar