Yhlasly zähmetiň netijesi

4 Iýun 2024
194

Welaýatymyzyň zähmetsöýer  pileçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümini guwandyryjy netijeler bilen jemleýärler.  Munuň şeýledigini berlen şertnamalaýyn tabşyryklary  artygy bilen berjaý edýän daýhan birleşikleriniň, aýry-aýry ýüpekçi kärendeçileriň barha artmagy, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň tassyklaýar.

Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri döwlet harmanyna 13,1 tonna pile goşup, bellenilen meýilnamany öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Bu üstünlikde 694 kilogram pile öndüren Erkin Abdyllaýewiň, 253 kilogram hasyl tabşyran Almahan Gutlymyradowanyň, 212 kilogram pile ýygnan  Öktem Kamalowyň mynasyp paýlary bar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar