Harmanyňa bereket, gallaçy!

5 Iýun 2024
157

Daýhan kalbyny uly şatlyga besläp, galla oragy ýetip geldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen ertir welaýatymyzda Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna badalga berler.

Ilmyrat Garajaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda tutuş welaýatymyz boýunça galla oragyna başlangyç berilmegi ýöne ýerden däl. Daýhan birleşiginiň edermen ýer eýeleri oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu hojalygyň başlygy hem, edermen kärendeçileri hem ekine-topraga hyzmat edip, göwün islän hasyllaryny almak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Ilmyrat Garajaýew daýhan birleşigine alty ýyldan gowrak wagtdan bäri ýolbaşçylyk edýär, ondan öňinçä agronom bolup işlän onlarça ýylyň dowamynda ene topraga hyzmat edip, baý iş tejribesini toplady. Bu ýerde her ýyl bugdaýdyr şalydan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýygnaýarlar. Geçen ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary bugdaý ekilen ýerleriň 900 gektarynda azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete 2884 tonna bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar