Gök ekinleriň idegi ýetirilýär

5 Iýun 2024
154

Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Zemin açary» hususy kärhanasy gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýar. Onuň ýolbaşçysy Bibijan Hallyýewa 1048 gektar ýeri 99 ýyl möhleti bilen kärendesine alyp, gök-bakja ekinlerini ekýär.

Bu ýerde daýhançylyk tejribesine esaslanmak bilen, bir ýylda iki, üç hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Irki ýeralmanyň yzyndan ekilýän giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy ösüp ýetişýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda başarjaň daýhan 626 gektar ýeralma, 10 gektar bakja, 101 gektar sogana, 10 gektar hyýara, 41 gektar pomidora, 12 gektar ýazlyk käşire, 1 gektar keleme ideg edýär.

Maýsa ÖWEZOWA,
TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar