Kesbinden kemal tapan balaryçy

4 Iýun 2024
160

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygyny ösdürmek, obany galkyndyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak barada kabul edilen kararlary, öňde goýlan maksatlary durmuşa ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Döredilen giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýerden bol hasyl alyp, özüni il içinde tanadan tejribeli daýhan Boldumsaz etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň «Daýhanazat» obasynda ýaşaýan Bazarbaý Orazbaýewi Daşoguz welaýatynda tanamaýan az bolsa gerek. Ol 1994-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetini gaýybana tamamlap, alym agronom hünäri boýunça ýokary bilim aldy. Şol obanyň çäginde ýerleşýän Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik hojalygynda bölümiň başlygy, baş agronomy we başga-da dürli jogapkärli wezipelerde 40 ýyldan bäri zähmet çekip, özüni ökde hünärmen hökmünde etrap, welaýat çäklerinde tanatdy. Häzir hormatly dynç alyşda bolmagyna garamazdan, Bazarbaý aga boş oturanok, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak üçin balaryçylyk bilen meşgullanýar.

— Balarylar maşgalalary baran ýerinde baglary, ekinleri tozanlandyryp, hasylyň has artmagyna öz täsirini ýetirýär — diýip, alym agronom Bazarbaý aga gürrüňdeş bolanymyzda belläp geçdi.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar