Bol hasylyň binýady

5 Iýun 2024
152

Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşigi oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolmak bilen, bu babatda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda ady agzalýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu ýerde şol gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrundaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl ekiş möwsüminde 1510 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş aldylar. Munuň özi atyz-meýdanlarda gowaçalaryň hatararasyny ýumşatmak, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak ýaly bejergi çärelerine öz wagtynda girişmäge hem-de olary turuwbaşdan ýokary depgine çykarmaga mümkinçilik berdi.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar