''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýe­ňi­ji­ler sy­lag­la­nyl­dy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Da­ba­ra­ly çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, tür­gen­ler, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport mek­dep­le­ri­niň tür­gen­le­ri, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Türgenleriň taýýarlygy esasynda ýeňiş gazanmagyň ygtybarly ýollary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esas­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bi­möç­ber ala­da­lar ne­ti­je­sin­de Türkmenistanyň hal­ky, şol san­da ýaş­lar ta­ra­pyn­dan be­den­ter­bi­ýä, spor­ta uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýaş ýet­gin­jek­le­riň spor­ty saý­lap al­mak­da nus­ga­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri­ni yl­my esas­da öz­leş­dir­mek hü­när­men­le­riň we alym­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki tür­gen­le­riň sport bäs­le­şik­le­rin­de gör­kez­jek ne­ti­je­le­ri hut şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ha­kyn­da­ky köp­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­syn­da hem gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ýet­gin­jek­le­riň be­den ösü­şi­ni we ola­ryň fi­zi­ki he­re­ket­le­re ukyp­la­ry­ny yl­my esa­s­da öw­ren­mek­ aý­ra­tyn nyg­tal­ýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara hyzmatdaşlygy

Arkadag sahawaty ― bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da, ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Yk­lym­la­ry bir­leş­di­ren hokkeý ýa­ryşy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Preziden­ti­miziň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çirýän top­lum­la­ýyn işleriniň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bo­lan ýur­du­myz Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. Türk­me­nis­tan sport müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem dost­lu­gyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­rip, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar.

Uzak aralyga welosipedli ýöriş

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edenine köp wagt geçenok. Muňa garamazdan, bu halkara sport baýramçylygy dünýä ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanda guralýan iri medeni-sport çäreler toplumy dünýä nusgalyk ýokary guramaçylyk derejesi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.

Sport çäreleri bilen dabaralanan baýramlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­myz­da «Ölü­si­ni sy­lan beg bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, ga­dy­my­ýet­den gel­ýän ýö­rel­ge­ler esa­syn­da öten-ge­çen­le­riň ru­hu­na go­ýul­ýan sar­pa ju­da ýo­ka­ry­dyr. Aý­ra­ty­nam, Wa­tan ug­run­da gaý­duw­syz­lyk gör­ke­zip ja­ny­ny or­ta go­ýan ger­çek­le­riň ha­ty­ra­sy has be­lent tu­tul­ýar. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da kyn­çy­lyk­ly ýo­wuz gün­le­ri baş­dan ge­çi­rip we­pat bo­lan türk­me­nis­tan­ly gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy­na 9-njy maý­da 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak da­ba­ra­sy bi­len baş­lan­dy. Uruş we­te­ran­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Bu da­ba­ra­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Ýur­du­my­zyň sport sy­ýa­sa­ty

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Eziz Di­ýa­ry­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam we onuň sag­ly­gy, aba­dan we bag­ty­ýar ýa­şaý­şy ba­ra­da uly ala­da edil­ýär. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­je­sin­dä­ki ägirt uly iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­ly­ga, ýur­du­myz­da spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan 7 me­dal

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­tan­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar Pe­ru­wyň paý­tag­ty Li­ma şä­he­rin­de ge­çi­ri­len agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 7 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýa­ry­şa dün­ýä­niň 50 ýur­dun­dan 17 ýa­şa çen­li 280 tür­gen, ýet­gin­jek­le­riň we gyz­la­ryň ara­syn­da her­sin­de ag­ram de­re­je­sin­de baý­rak­lar ug­run­da bäs­leş­di­ler.

Ussatlyga ýetiren futbol menzili

Garaşsyzlyk ýyllaryndaky türkmen futboly we onuň görnükli wekilleri hakynda söhbet edilmeli bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Arkadag şäheriniň «Arkadag» toparynyň tejribeli ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowy ilkinjileriň hatarynda buýsanç bilen agzamak bolar. Onuň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çempionatlarynda, milli ýygyndymyzyň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen oýunlary futbol bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmak bilen birlikde, çykyş eden ýurtlarynyň futbol janköýerleriniň arasynda hem uly meşhurlyga eýe bolmagyna getirdi. Arslanmyrat Amanow 1990-njy ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzda dünýä inip, futboldaky ilkinji ädimlerini hem ak mermerli Aşgabatda ätdi. Ol 2011-nji ýylda ýurdumyzyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. Galan maglumatlary bolsa türkmen futbolynyň ösmegine, at-abraýynyň beýgelmegine eýýäm ençeme ýyldan bäri yhlas bilen goşant goşup gelýän futbolçynyň özi bilen guran söhbetdeşligimizden tapyp bilersiňiz. – Arslanmyrat, her bir daragtyň boý almagy, ösüp-ulalmagy üçin irginsiz idegiň gerek bolşy ýaly, topy ýaňy depmegi öwrenen çagadan sözüň doly manysyndaky hakyky futbolçynyň ýetişmegi üçinem yhlas baryny edýän halypa gerek. Şol esasdan, futboldaky ilkinji ädimleriň, ussat futbolçy bolup ýetişmegiňde

Dur­muş he­re­ket­den yba­rat

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Dur­muş» «dur­mak» sö­zün­den ge­lip çy­kan ýa­ly bol­sa-da, mun­da hiç bir zat du­ran ýe­rin­de dur­ma­ýar. Aý­dyş­la­ry­na gö­rä, ol «dyr­maş» sö­zi bi­len ma­ny­daş ýa­ly. Ony be­lent bir dag, ga­ýa hök­mün­de göz öňü­ne ge­ti­rip, şo­ňa dyr­ma­şyp, be­lent­lik­den-be­lent­li­ge mü­nüp gi­di­ber­me­li. Onuň so­ňu­nyň ni­re­de ta­mam­lan­ja­gy bel­li däl. Dur­muş­da dür­li wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Ola­ryň yn­san­da go­wy ýa-da ýa­ra­maz tä­sir gal­dyr­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, äh­li­si bi­zi kä­mil­leş­dir­ýär. Diý­mek äh­li zat he­re­ket­de, ösüş­de.

«Galkan» – hokkeý çempiony

Ýaz pas­ly­nyň hoş­tap ho­waly gün­le­rin­de Aş­ga­bat şä­herin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my­ny sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň ruhy gur­şap al­dy. Üs­te­si­ne-de sport jankö­ýer­le­ri­niň gyz­gyn el­çar­pyş­ma­la­ry, gyzgyn seslenmeleri buzda oýnalýan şaý­ba­ly hok­ke­ýiň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­syny art­dyr­dy. Şo­nuň üçi­nem ýur­du­myzda 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyň ýakymly ýatlamalary ýüreklere ebedi orna­dy. Şo­nuň bi­len bir­lik­de-de, türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy­nda täze sa­hy­pa­la­ry şöh­le­len­dir­di. Wa­tan­daş­la­ry­my­zyň yna­my­ny ödemek bag­ty bu hal­ka­ra ýa­ryş­da «Galkan» hok­keý to­pa­ry­nyň pa­ýy­na düş­di. Ol Türkmenis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistrli­gi­niň hok­keý to­pa­ry. Be­genç­li ýe­ri, Türkmenista­nyň hok­keý bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň esa­sy oýun­çy­la­ry «Galkan» to­pa­ryn­dan dü­zü­len. Şo­nuň üçinem «Gal­kan» bu hal­ka­ra ýa­ryş­da sport sö­ýü­ji halky­my­zyň, şeý­le hem gaý­rat­ly Wa­tan go­rag­çy­la­ry­my­zyň buý­san­jy­na my­na­syp bol­ma­gy, ýe­ňiş mün­be­rin­de Döw­let baý­da­gy­my­zy be­lent­de

We­los­por­tuň us­sa­dy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gür­rü­ňi­mi­zi, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da mil­li we­los­por­tuň ös­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­ren öz­bo­luş­ly mek­de­biň bo­lan­ly­gy bi­len do­wam et­dir­sek has ýer­lik­li bo­lar. En­çe­me ge­zek çem­pi­on bo­lan tür­gen­ler, en­çe çem­pi­on­la­ry ýe­tiş­di­ren tä­lim­çi­ler hök­mün­de ta­nal­ýan Döw­ran Nur­me­dow, Nar­gel­di Ig­di­row, Emir we Iner Ju­ma­ýew­ler bi­len söh­bet­deş bo­la­nyň­da, ola­ryň äh­li­si hem il­kin­ji tä­lim­çi­si, ha­ly­pa­sy hök­mün­de Mu­ham­met Nur­me­do­wyň ady­ny ag­za­ýar­lar.

Gyzykly geçen ýaryşlar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Olaryň arasynda dürli çäreler hem yzygiderli geçirilip durulýar. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda «Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň mekany» ady bilen küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Ýaryşlarda ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hal­ka­ra futbol ýa­ry­şy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan şä­he­rin­de «Now­ruz — 2024» «Ser­het­siz fut­bol» di­ýen at bi­len Hal­ka­ra ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler ýa­ry­şy ge­çi­ril­di.

Ýelden ýyndam ahalteke bedewi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ahal­te­ke be­de­wi! Taň­ry­nyň türk­me­ne Be­hişt­den eçi­len jo­mart ser­pa­ýy! Ze­mi­niň aja­ýyp gö­zel­li­gi – ahal­te­ke be­de­wi! Türk­men top­ra­gy­nyň iň be­re­ket­li kün­je­gin­de Kö­pet­da­gyň ete­gin­de, Ahal ýaý­la­la­ryn­da ga­dym eý­ýam­lar­dan bä­ri se­ýis­le­nip, maş­ga­la ag­za­sy hök­mün­de ger­çek­le­riň ömür hem­de­mi­ne öw­rü­len sö­wer dost – şol mer­te­be­li ga­myş­gu­lak be­dew­dir!

Mil­li oýun­lar wa­gyz edil­ýär

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­myz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ryp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne gö­rä, mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry bi­len bir­lik­de dür­li oýun­la­ry-da dö­re­dip, soň­ky ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar. Ne­sil ter­bi­ýe­sin­de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­niň mil­li oýun­la­ry ýaş­lar­da we ça­ga­lar­da berk be­den­li­li­gi, sag­dyn­ly­gy, ça­la­syn­ly­gy ter­bi­ýe­läp­dir. Olar ýaş­la­ra dur­muş­da özü­ňi ýer­lik­li alyp bar­ma­gy, her hi­li päs­gel­çi­lik­den baş alyp çyk­ma­gy öw­re­dip­dir. Hut şol se­bäp­li mil­li oýun­lar ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň hem-de sport güý­men­je­le­ri­niň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de res­mi sport gör­nüş­le­ri­niň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şo­lar bo­ýun­ça mil­li ýa­ryş­lar hem-de hal­ka­ra çem­pio­nat­lar ge­çi­ril­ýär.

Tomusky dynç alyş

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýlen nakyl tomus paslynyň herekete baý pasyldygyny görkezýän bolsa gerek. Tomusda uly ýaşly adamlar hasyl ýygnamak, zähmet çekmek bilen güneşli meýdanda köp gezip «depesini gaýnadýan» bolsalar, çagalar dynç alyş möwsümini gyzykly, şadyýan, täsirli geçirmek üçin deň-duşlary bilen üýşüp daşarda oýun oýnaýandyrlar. Hereket bolsa sagdynlygyň girewi. Emma tomusda Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy ýatdan çykarmaly däldir.

«Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Sten­li Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy NHL-de Sten­li Ku­bo­gy­nyň eýe­si bel­li bol­dy. 99-njy Sten­li Ku­bo­gy­nyň ýe­ňi­ji­si 7-nji du­şu­şyk­da bel­li bo­lup, il­kin­ji 3 oýun­da (3:0, 4:1, 4:3) ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» soň­ky 3 du­şu­şyk­da-da (8:1, 5:3, 5:1) «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ryn­dan as­gyn gel­di. Ýö­ne Flo­ri­da­da oý­na­lan 7-nji du­şu­şyk­da ýe­ňiş «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. Mat­ti­as Ýan­mar­kyň (6) go­lu­na gar­şy­lyk Kar­ter Wer­ha­ge­niň (4) hem-de Säm Re­in­har­tyň (15) şaý­ba­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nan (2:1) «Flo­ri­da Pan­ters» umu­my ha­sap­da 4:3 hasabynda öňe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry NHL-iň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek çem­pi­on bo­lup, Sten­li Ku­bo­gy­ny ga­za­nan 22-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry 1996-njy we 2023-nji ýyl­lar­da­ky fi­nal­da ýeň­lip­di. Sten­li Ku­bo­gy­ny 5 ge­zek (1984, 1985, 1987, 1988, 1990) eýe­län «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ry-da 1983-nji we 2006-njy ýyl­lar­dan soň 3-nji sa­par fi­nal­da utul­dy.

Ar­gen­ti­na­nyň hem-de We­ne­sue­la­nyň ýy­gyn­dy­la­ry çär­ýek fi­na­la çyk­dy

Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň fut­bol çem­pio­na­ty bo­lan Ko­pa Ame­ri­ka ýa­ry­şyn­da to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. 1-nji aý­la­wyň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­la­nyp, 2-nji aý­la­wyň hem deň ýa­ry­sy oý­nal­dy. «A» to­par­ça­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ka­na­da­ny Hu­li­en Al­wa­res hem-de Lau­ta­ra Mar­ti­ne­siň gol­la­ry bi­len ýe­ňen Ar­gen­ti­na 2-nji du­şu­şy­gyn­da Çi­li­ni ýe­ne-de Mar­ti­ne­siň ýe­ke-täk to­py esa­syn­da ut­dy. Lau­ta­ra Mar­ti­nes 2 du­şu­şyk­da-da 88-nji mi­nut­da ta­pa­wut­lan­dy. Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­sy Pe­ru­nyň ýy­gyn­dy­syny Jo­na­tan De­wi­diň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy.