Gyzykly geçen ýaryşlar

28 Iýun 2024
69

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Olaryň arasynda dürli çäreler hem yzygiderli geçirilip durulýar. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda «Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň mekany» ady bilen küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy.

Ýaryşlarda ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şemşat ARAZMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar