Ussatlyga ýetiren futbol menzili

28 Iýun 2024
50

Garaşsyzlyk ýyllaryndaky türkmen futboly we onuň görnükli wekilleri hakynda söhbet edilmeli bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Arkadag şäheriniň «Arkadag» toparynyň tejribeli ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowy ilkinjileriň hatarynda buýsanç bilen agzamak bolar. Onuň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çempionatlarynda, milli ýygyndymyzyň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen oýunlary futbol bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmak bilen birlikde, çykyş eden ýurtlarynyň futbol janköýerleriniň arasynda hem uly meşhurlyga eýe bolmagyna getirdi. Arslanmyrat Amanow 1990-njy ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzda dünýä inip, futboldaky ilkinji ädimlerini hem ak mermerli Aşgabatda ätdi. Ol 2011-nji ýylda ýurdumyzyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. Galan maglumatlary bolsa türkmen futbolynyň ösmegine, at-abraýynyň beýgelmegine eýýäm ençeme ýyldan bäri yhlas bilen goşant goşup gelýän futbolçynyň özi bilen guran söhbetdeşligimizden tapyp bilersiňiz.

– Arslanmyrat, her bir daragtyň boý almagy, ösüp-ulalmagy üçin irginsiz idegiň gerek bolşy ýaly, topy ýaňy depmegi öwrenen çagadan sözüň doly manysyndaky hakyky futbolçynyň ýetişmegi üçinem yhlas baryny edýän halypa gerek. Şol esasdan, futboldaky ilkinji ädimleriň, ussat futbolçy bolup ýetişmegiňde tagallasyny gaýgyrmadyk tälimçileriň baradaky gürrüň bilen söhbedimize başlaýaly?

Söhbetdeş bolan Hezret HOJAGULYÝEW.
Beýleki habarlar