Sport çäreleri bilen dabaralanan baýramlar

2 gün öň
11

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Hal­ky­myz­da «Ölü­si­ni sy­lan beg bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, ga­dy­my­ýet­den gel­ýän ýö­rel­ge­ler esa­syn­da öten-ge­çen­le­riň ru­hu­na go­ýul­ýan sar­pa ju­da ýo­ka­ry­dyr. Aý­ra­ty­nam, Wa­tan ug­run­da gaý­duw­syz­lyk gör­ke­zip ja­ny­ny or­ta go­ýan ger­çek­le­riň ha­ty­ra­sy has be­lent tu­tul­ýar. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da kyn­çy­lyk­ly ýo­wuz gün­le­ri baş­dan ge­çi­rip we­pat bo­lan türk­me­nis­tan­ly gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy­na 9-njy maý­da 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak da­ba­ra­sy bi­len baş­lan­dy. Uruş we­te­ran­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Bu da­ba­ra­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Ogulbahar HALYLOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar