«Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Sten­li Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy

28 Iýun 2024
42

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy NHL-de Sten­li Ku­bo­gy­nyň eýe­si bel­li bol­dy. 99-njy Sten­li Ku­bo­gy­nyň ýe­ňi­ji­si 7-nji du­şu­şyk­da bel­li bo­lup, il­kin­ji 3 oýun­da (3:0, 4:1, 4:3) ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» soň­ky 3 du­şu­şyk­da-da (8:1, 5:3, 5:1) «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ryn­dan as­gyn gel­di. Ýö­ne Flo­ri­da­da oý­na­lan 7-nji du­şu­şyk­da ýe­ňiş «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. Mat­ti­as Ýan­mar­kyň (6) go­lu­na gar­şy­lyk Kar­ter Wer­ha­ge­niň (4) hem-de Säm Re­in­har­tyň (15) şaý­ba­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nan (2:1) «Flo­ri­da Pan­ters» umu­my ha­sap­da 4:3 hasabynda öňe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry NHL-iň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek çem­pi­on bo­lup, Sten­li Ku­bo­gy­ny ga­za­nan 22-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry 1996-njy we 2023-nji ýyl­lar­da­ky fi­nal­da ýeň­lip­di.

Sten­li Ku­bo­gy­ny 5 ge­zek (1984, 1985, 1987, 1988, 1990) eýe­län «Ed­mon­ton Oý­lers» to­pa­ry-da 1983-nji we 2006-njy ýyl­lar­dan soň 3-nji sa­par fi­nal­da utul­dy.

Beýleki habarlar