Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara hyzmatdaşlygy

2 gün öň
14

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy we hal­ka­ra sport gat­na­şyk­la­ry giň­den ös­dü­ril­ýär. Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň il­çi­si bo­lan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Iri hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport gu­ra­ma­la­ry, fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, ÝU­NES­KO, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­ýan Türk­me­nis­tan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Ýur­du­my­zyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň (CIGEPS) dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­ma­gy bu ugur­da ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­ler­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça 2024-nji ýyl üçin he­re­ket me­ýil­na­ma­sy» esa­syn­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ser­dar­gel­di Nur­mu­ham­me­dow,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Sport fakultetiniň ta­ly­by
Beýleki habarlar