Mil­li oýun­lar wa­gyz edil­ýär

28 Iýun 2024
40

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Hal­ky­myz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ryp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne gö­rä, mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry bi­len bir­lik­de dür­li oýun­la­ry-da dö­re­dip, soň­ky ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar. Ne­sil ter­bi­ýe­sin­de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­niň mil­li oýun­la­ry ýaş­lar­da we ça­ga­lar­da berk be­den­li­li­gi, sag­dyn­ly­gy, ça­la­syn­ly­gy ter­bi­ýe­läp­dir. Olar ýaş­la­ra dur­muş­da özü­ňi ýer­lik­li alyp bar­ma­gy, her hi­li päs­gel­çi­lik­den baş alyp çyk­ma­gy öw­re­dip­dir. Hut şol se­bäp­li mil­li oýun­lar ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň hem-de sport güý­men­je­le­ri­niň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de res­mi sport gör­nüş­le­ri­niň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şo­lar bo­ýun­ça mil­li ýa­ryş­lar hem-de hal­ka­ra çem­pio­nat­lar ge­çi­ril­ýär.

Ar­zuw Rah­ma­no­wa,
TMÝG-niň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki et­rap Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.
Beýleki habarlar