"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Da Winçi we ylym

Leonardo da Winçi diýlende, köpümiziň gözümiziň öňüne onuň ölmez-ýitmez sungat eserleri gelýändir. Sebäbi ol ajaýyp kartinalar bu günki gün dünýä şekillendiriş sungatynyň genji-hazynasy bolup durýar. Ýöne biz bu gün ussadyň beýikliginiň başga bir tarapy barada gürrüň etmekçi. Ýagny Leonardo da Winçi ähli döwürleriň iň gowy oýlap tapyjylarynyň biri hökmünde-de adyny taryha hemişelik ýazdy. Emma şol döwürde tehnologiýanyň ösmändigi sebäpli, oýlap tapan 100-den gowrak gurluşynyň köpüsiniň durmuşa geçirilenini görmek ussadyň özüne miýesser etmändir. Howa perleri. Bu taslama ägirt uly dikuçara çalym edýär. «Dikuçaryň» pyrlampaçlary kendirden ýasalypdyr. Eger olary uly tizlikde pyrlap bolsa, gurluşyň asmana galmagyny üpjün etjekdigini häzirki döwrüň bilermenleri-de tassyklaýarlar.

Ylym — kämillik we güýç-kuwwat

Ylmy we bilimi ösdürmek wezipesi islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz zehinli ýaşlary halkymyzyň buýsanjy hasaplap, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilimde, durmuş ulgamynda ýokary derejelere ýetmegi ugrunda ähli şertleri döredýär, bu babatda ýaş nesliň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryna we täze tehnologiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmeklige, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaklyga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaklyga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bizde uly buýsanç döredýär. Ylym-bilim öwrenmek üçin alys menzilleriň müşgülliklerine döz gelen we rozugärini ekläp oturan guba düýesini köňül küýsegi bolan bir kitaba rowa gören ata-babalarymyzyň görüm-göreldesi hem bize ylym-bilimiň ähmiýetini doly açyp görkezýär.

Alym halypanyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maddy gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz ylmy esasda öwrenilýär. Geçmişde ýaşan taryhy şahsyýetlerimiziň – şahyrlarymyzyň we alymlarymyzyň ömri-döredijiligi, bize miras galdyran edebi, taryhy, ylmy, pelsepewi eserleri bilen bir hatarda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşap, döredip, türkmen edebiýaty we dili, milli elipbiýi bilen baglanyşykly ylmy işleri arkaly yz galdyran alymlarymyzyň döredijiligi hem giňden öwrenilýär. Şeýle alymlarymyzyň biri-de dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Haýdar Muhyýewdir. Talyplyk ýyllarymyzda eýýäm alym halypamyz Haýdar aganyň dil bilimine degişli kitaplarydyr makalalary bilen ýakyndan tanyşdyk. Halypamyzyň S.Kürenow bilen bilelikde taýýarlan “Türkmen dilçileri” atly kitaby bizi türkmen dilçileriniň ömür-döredijiligi bilen tanyşmagymyza, derslerimizde peýdalanmagymyza uly mümkinçilik beripdi.

Günbatary maýyl eden sungat (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talyp milli aýdym-saz sungatymyzyň Ýewropada XIX asyryň başlarynda hem içgin öwrenilendigini öňe sürýär Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenilýändiginden siziň hem habaryňyz bardyr. Bütindünýä guramasynyň, aslynda, bütin dünýäniň hem ünsüni çekmäge mynasyp türkmen aýdym-saz sungaty hemmeleri özüne melul edýär. Eger Magtymguly Pyragynyň kitaby üçin guba düýe berlen bolsa, türkmen bagşylaryny telim aýlap müňlerçe kilometr ýoly geçip hem gelip diňlär ekenler. Şol sanda Ýewropadan hem. Ine, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Baýmyrat Annabaýew hem öz ylmy işini türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropadaky syýahatyna bagyşlady. Näme üçin, aýratyn, aýdym-saz sungaty? Näme üçin, ala-böle, onuň Ýewropadaky taryhnamasy?

“Yhlas bile bir kämile gol beren”

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şu setirlerini ýatlanymda, näme üçindir, ylym adamlary göz öňüme gelýär. Ine, belli alym, ylmy jemgyýetçilikde giňden tanalýan Aman Nigarow hakdaky makalany ýazyp başlanymda hem şu setirler bada-bat aňyma doldy. Alymyň işine hem zähmetsöýerlik, erjellik ilkinji şert bolup durýar. Uzak ýyllaryň dowamynda «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän ylmy gözlegleri alyp baran, I.A.Dubrowo bilen bilelikde «Türkmenistanyň gadymy pilleri», italýan alymlary F.Fanti, M.Kontessi hem-de P.Esenow dagy bilen bilelikde «Ýokary ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar» atly kitaplaryň awtory Aman Nigarowyň çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol 9 ýaşyndan işläp başlaýar. Uly ýaşly erkek kişileriň ählijesi urşa gidipdi. Esasy iş bolsa zenanlaryň, garrylaryň, çagalaryň gerdenine düşüpdi. Edil zähmetde bolşy ýaly, ol mekdepde okaýarka hem erjelligini görkezýär. Şonuň üçin bolsa gerek, 1949-njy ýylda Aşgabatdaky ýokary mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. 1953-nji ýylda şu ýokary okuw mekdebiniň geologiýa-geografiýa fakultetiniň geografiýa hünärini tapawutlanan diplom bilen tamamlan Aman agany ylym barha özüne çekýär. Dag jynslaryny öwrenmek, olaryň haçan we nähili şertlerde emele gelendigini kesgitlemek

Nusgawy edebiýatda metaforalar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlary boýunça nazary derňewleri netijeli alyp barmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, halkymyzy täze üstünliklere, belent özgertmelere ruhlandyrmakda egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmäge, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň döreden baý milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek işine hem uly üns berilýär. Mugallymçylyk kärini ele alyp, ylmy gözleglere aralaşyp, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň özboluşly aýratynlygyna üns bermezlik asla mümkin däl. Çünki nusgawy edebiýatymyza, köküni geçmişiň gatlaryndan alyp gaýdýan halk döredijiligimize ýüzlenip, çuňňur pikir ýöredişe, ylmy nukdaýnazara ýugrulan ajaýyp milli baý edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şu makalada hem nusgawy edebiýatda we halk döredijiliginde guşçulyk leksikasyna degişli sözleri düýpli derňemegi makul bildik. Bu bolsa dilimiziň many kökleriniň örän giňdigine, onuň mümkinçilikleriniň örän uludygyna, heniz türkmen dilinde düýpli öwrenilmeli sözleriň örän köpdügine doly şaýatlyk edýär.

Ylym — uly güýç

Hormatly Prezidentimiziň golaýda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň meselelerine bagyşlap geçiren iş maslahaty bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz bu ugry ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil, döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Iş maslahatynda, aýratyn hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň işi bilen bagly berlen tabşyryklar geljekki işimize özboluşly badalga berdi.

Ylym: baş maksat — netijeliligi has-da ýokarlandyrmak

Hormatly Prezidentimiziň önümçilige ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak babatdaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň hususy işewürleri hem öz alyp barýan işlerini ylmy esasda guramaklyga we kämilleşdirmeklige uly ähmiýet berýärler. Muňa olaryň her hepdäniň şenbesinde ýörite ylmy gün hökmünde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolup, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän ýer eýeleriniň, beýleki adamlaryň gatnaşmagynda dürli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, olardan alynýan önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmagyň ylmy esaslary, iş usullary, ugurlarydyr mümkinçilikleri barada özara maslahatlaşyp durmaklary-da aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda her hepdäniň şenbe gününi ylmy gün hökmünde yglan edip, her gezek saýlanyp alnan haýsydyr bir ugur boýunça ýörite maslahatlary geçirmek başlangyjy «Ter önüm» hojalyk jemgyýetine degişlidir. 2018-nji ýyldan başlap şeýle maslahatlar hojalyk jemgyýetiniň öz binasynda guralýardy. Soňabaka gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sanynyň barha artmagy bilen, onuň gerimi has-da giňeldi. Indi bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde yzygiderli geçirilip gelinýän şeýle maslahatlar özara pikir we t

Yl­my özgertmelere sal­dam­ly go­şant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Dünýä ylmyndaky iň täze gazanylanlar, döwrebap tehnologiýalar ylym-bilim edaralarynyň işine giň gerimde ornaşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýulýan wajyp wezipeleri amala aşyrmak üçin ýaşlary döwrebap okatmak, kesbine kämil hünärmenleri ýetişdirmek işini barha kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Bu ugurda birnäçe döwlet resminamalary taýýarlanylýar we amalyýete ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanylan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda bu ugurdaky dersleri okatmagyň usullary jikme-jik beýan edilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ylmynyň we döwrüň ýokary tizlikdäki ösüşinden ugur alyp, matematikany okatmagyň usulyýe

Ruhy baýlygy wagyz edip

Kitap adamlary, jemgyýetimizi kämilleşdirmekde gymmatly ruhy serişde bolmagynda galýar. Ol adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine, biliminiň artmagyna ýardam edýär. Kitap halka bilim berýän, adamzady dogry ýola ugrukdyrýan hazynadyr, her bir halkyň, döwrüň, jemgyýetiň ruhy gymmatlygydyr. Ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, wepalylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri giňdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik adamlary, medeniýet işgärleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary, alymlar, kitap söýüjiler köpçüligi üçin gapylary giňden açylan kitaphanalar özboluşly täsinlikler dünýäsi hökmünde olary özüne çekýär.

Ylma höwesli ýaşlar

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde iňňän derwaýys meseleleriň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň hatarynda her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylyp, ýaşyl zolaklaryň döredilmegini, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylmagyny aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berildi. Bu Karardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda bu ylmy-önümçilik merkezinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak,

«San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça»: in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 6-njy few­ral­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da ta­lyp­la­ryň, mu­gal­lym­la­ryň we yl­my iş­gär­le­riň de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça yl­my açyş­la­ry, oý­lap ta­pyş­la­ry üçin ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni we ola­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len bir­lik­de, Türkmenistanyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýalar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da dö­re­di­len, ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gy esa­syn­da iş­le­ýän «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de bu ugur­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ýer­de ta­lyp­lar, mu­gal­lym­lar we hü­när­men­ler tä­ze tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­ga we önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga gat­naş­ýarlar, tej­ri­be alyş­ýarlar hem-de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça okuw­la­ry geç­ýär. Türkmenistanyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­­ýa­lar we in­for­ma­t

Şöhratdan doly bakylyk

«Pedagogika» grek sözi bolup, çagany elinden tutup ýöredýärin diýen manyny aňladypdyr. Häzirki zaman pedagogikasynyň gysga, umumy we dogry kesgitlemesi – çagany terbiýelemek baradaky ylymdyr. Bu ýerde «terbiýe» sözi giň manyda ulanylyp, ol bilim bermegi, okatmagy, ösüşi öz içine alýar. Durmuşda ösüp gelýän ýaşlara terbiýe bermekde tejribe toplan ussat adamlaryň döremegi pedagogika ylmynyň peýda bolmagyna getiripdir. Ýörite taýýarlygy bolan, pedagogiki iş bilen meşgullanýanlara “mugallym” diýilýär. Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” atly romanynda mugallymy bagty çüwen adam hökmünde belläp geçýär we ol “öz döwründe-de, geljekde-de öçmejek yz galdyrýar. Bu babatda mugallymdan bagty çüwen ýok. Çünki olaryň sepen tohumlary döwürdeşleriniň, soňra olaryň nesilleriniň ynsan mertebesinde mynasyp orun alýar...” diýip beýan edýär. Her bir adamyň durmuşy bilen bagly başga bir hünäri göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Ýerine ýetirilýän işleriň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr diýsek ýalňyşmarys. Mugallymçylyk aýratyn hormatly kärdir. Durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň ertir nähili boljakdygy şu günki mugallymlaryň işiniň netijesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz “Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” eserinde: “Ata Watanymyzyň

Ekologiýa arassaçylygynyň hatyrasyna (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Türkmenistanly talybyň işläp taýýarlan bioplastik torbalary ekologiýa zyýanly galyndylary azaldar ÝAŞ ALYM BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT: Patma Igdyrowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Röwşen günlere guwanan («Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan)

Anyk ýadymda galypdyr, 1998-nji ýylyň alabaharydy. Bir gün iş ýerime —«Garagum» žurnalynyň redaksiýasyna ýazyjy Rejepmyrat Durdyýew geldi. Asla-ha ol Metbugat öýüne ýygy-ýygydan gelýärdi. Sebäbi iş ýeri «Magaryf» neşirýaty bu ýerden taýakatym ileridedi. Sulhumyz alşansoň, meni hamrak görýän ýazyjy şol gezek goltugynda göterip gelen galyň papkasyny uzatdy: — Inim, boş wagtyň şuny bir okap görsene. Redaktirlejek diýseňem garşy bolup durman. Iki bähbidiň bolar, hem-ä bilmeýän zatlaryňy taparsyň, hemem eliň türgenlener. Höweseklik bilen okap ugradym. Hat ýazýan maşynkadan geçen kagyzlaryň ilkinji sahypasynyň dik depesindäki ýazgyda nazarym esli eglendi: «Gardaş! Bir pursat aýak çek-de, daş-töweregiňe, geçmişiňe ser sal! Ömrüňde näme işler bitirdiň? Geljek nesle nämeler goýýaň?». Kelläme gelen pikir: «Beh, bu adam aňyrdan-durmuş filosofiýasyndan tutýar-aý. Beýle towlamy başdan berk işilen eseriň bir hikmeti-hä bolmaly».

Täze saýt ― täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly ulgamlardan giňden peýdalanmak baradaky tabşyryklaryna jogap edip, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýty açyldy. Ol «Baş sahypadan», «Täzelikler», «Fakultetler», «Ylym», «Dalaşgärler üçin», «Biz barada» we «Habarlaşmak» sahypalardan ybarat. www.tdmugi.edu.tm salgysynda ýerleşýän resmi saýtyň «Baş sahypasyny» institutyň resmi nyşany we surat galereýasy bezeýär. Şeýle hem bu ýerde beýleki sahypalaryň gysgaça görnüşleri ýerleşdirilipdir. «Baş sahypanyň» aşaky bölümleriniň birinde institut barada umumy maglumatlar bar. Bu maglumatlarda onuň fakultetleriniň, hünärleriniň, mugallymlarynyň we talyplarynyň umumy sany görkezilýär.

Ylym — ösüşleriň gözbaşy

Berkarar Watanymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüş-özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň edýän taýsyz tagallalaryndan, kabul edýän milli we döwlet maksatnamalaryndan gözbaş alýar. Bu gün ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzy ählitaraplaýyn gülledip ösdürmekde ylma aýratyn uly bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Sazlaşykly ösýän Bitarap Türkmenistan dünýäniň ylmy giňişligine işjeň goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy ösdürmekde, täze senagat pudaklaryny döretmekde, iri taslamalarydyr milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylmyň ähmiýeti uludyr» diýip bellemek bilen, ylmyň ösüşine ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Türkmen ylmynyň maksatnamalaýyn esasda ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryň ähmiýeti aýratyn uludyr. Geçen ýyl «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-

Ylymly il ozar

Mälim bolşy ýaly, döwletiň kuwwatlylygy onuň ylym derejesi bilen kesgitlenilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil sowatly bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladalar öz miwesini berýär. Bu gün geljegiň kämil binýadyny ylym-bilimde görýän bagtyýar ýaşlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim, ylym alyp, hormatly Prezidentimiziň ynamyna wepaly bolmaga çalyşýarlar. Tehnologiýanyň ösýän döwründe sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen ýaşlar üçin uly mümkinçilikler açyldy. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary peýdalanylyp, elektron kitaplar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullar ulanylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin döwrebap usul bolup, hil taýdan bilimiň kämilligini, netijeliligini artdyrýar.

Ylmy gözleglere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň güýji-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym, bilim edaralarynda okamaklary, saýlap alan hünärinde kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy-ýakynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da giň gerim almagynda wajyp ädim bolup durýar. Çünki jemgyýetiň ösüşi, onuň aýdyň geljegi ýaş nesliň kämil aň-düşünjeli, bilimli-terbiýeli bolmagyna baglydyr.

Ylmyň önümçilige gatnaşyklary

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi we onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda Türkmenistanyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamaga möhüm orun degişlidir. Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň ylmyň önümçilige işjeň goşulyşmagy babatda öňde goýýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň işlerinde öz beýanyny tapýar. Alymlar öz ylmy-barlag işlerini Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alyp barýarlar. Häzirki zaman alymlary ykdysadyýetiň binýadynyň, esasan, üç sütünden, bitewi üç halkadan, üç esasda tutulandygyny belleýärler. Hususan-da, bu üç bitewiligi ykdysadyýetçileriň dilinde aýdanymyzda, birinji esas — bilim innowasion tehnologiýalarda, milli we dünýä tejribesiniň gazananlarynda guralýan häzirki zaman önümçiligini dolandyrmak üçin halkara derejeli hünärmenleriň zerurlygyny talap edýär.