Da Winçi we ylym

25 Mart 2021
2135

Leonardo da Winçi diýlende, köpümiziň gözümiziň öňüne onuň ölmez-ýitmez sungat eserleri gelýändir. Sebäbi ol ajaýyp kartinalar bu günki gün dünýä şekillendiriş sungatynyň genji-hazynasy bolup durýar. Ýöne biz bu gün ussadyň beýikliginiň başga bir tarapy barada gürrüň etmekçi. Ýagny Leonardo da Winçi ähli döwürleriň iň gowy oýlap tapyjylarynyň biri hökmünde-de adyny taryha hemişelik ýazdy. Emma şol döwürde tehnologiýanyň ösmändigi sebäpli, oýlap tapan 100-den gowrak gurluşynyň köpüsiniň durmuşa geçirilenini görmek ussadyň özüne miýesser etmändir.

Howa perleri. Bu taslama ägirt uly dikuçara çalym edýär. «Dikuçaryň» pyrlampaçlary kendirden ýasalypdyr. Eger olary uly tizlikde pyrlap bolsa, gurluşyň asmana galmagyny üpjün etjekdigini häzirki döwrüň bilermenleri-de tassyklaýarlar.

Taýýarlan Akmyrat ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.