Günbatary maýyl eden sungat (Tanyş boluň, ýaş alym!)

22 Mart 2021
2325

Türkmenistanly talyp milli aýdym-saz sungatymyzyň Ýewropada XIX asyryň başlarynda hem içgin öwrenilendigini öňe sürýär

Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenilýändiginden siziň hem habaryňyz bardyr. Bütindünýä guramasynyň, aslynda, bütin dünýäniň hem ünsüni çekmäge mynasyp türkmen aýdym-saz sungaty hemmeleri özüne melul edýär. Eger Magtymguly Pyragynyň kitaby üçin guba düýe berlen bolsa, türkmen bagşylaryny telim aýlap müňlerçe kilometr ýoly geçip hem gelip diňlär ekenler. Şol sanda Ýewropadan hem. Ine, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Baýmyrat Annabaýew hem öz ylmy işini türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýewropadaky syýahatyna bagyşlady. Näme üçin, aýratyn, aýdym-saz sungaty? Näme üçin, ala-böle, onuň Ýewropadaky taryhnamasy?

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.