"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Tai­lan­dyň iň ýaş Prem­ýer-mi­nist­ri

16-njy aw­gust­da Tai­lan­dyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň (par­la­ment) we­kil­ler pa­la­ta­sy ta­ra­pyn­dan «Phya Thai» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Phet­hongt­han Çi­na­wa­tyň Prem­ýer-mi­nistr­li­ge da­laş­gär­li­gi tas­syk­lan­dy. Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne da­laş­gär 319ka­nun çy­ka­ry­jy ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­dy, 145 we­kil gar­şy çyk­dy we 27-si sak­lan­dy. Ses be­riş­lik­den soň Tai­lan­dyň Mil­li as­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wan Mu­ha­mad Nor Mat­ha «Phya Thai» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Çi­na­wa­tyň 493 ka­nun çy­ka­ry­jy­nyň 319-sy­nyň gol­da­wy­na eýe bo­lan­dy­gy­ny, onuň we­zi­pä bel­len­me­gi üçin ze­rur bo­lan ses­den has kö­pü­si­ni ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di

19-22-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Çi­ka­go­da ABŞ-nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di. ABŞ-nyň 50 şta­tyn­dan we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len we­kil­ler şä­he­riň «Uni­ted Cen­ter» sport mer­ke­zin­de ýyg­nan­dy­lar. Gu­rul­taý­da bir­nä­çe ta­ny­mal we­kil­ler, şol san­da ABŞ-nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär, wi­se-pre­zi­dent Ka­ma­la Har­ris hem-de wi­se-pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär, Min­ne­so­ta şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Tim Wolz dagy çy­kyş et­di­ler. Adat­ça, par­ti­ýa­lar gu­rul­ta­ýyň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gä­ri­ni hö­dür­le­ýär­ler, ýö­ne bu ge­zek De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň ko­mi­te­ti aw­gust aýy­nyň ba­şyn­da öňün­den on­laýn ses ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­lip, onuň ne­ti­je­sin­de Har­ri­siň da­laş­gär­li­gi tas­syk­la­nyp­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

We­zi­pe­sin­den git­mek­çi. Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da möh­le­tin­den öň we­zi­pe­sin­den git­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni we Li­be­ral de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň li­de­ri hök­mün­de ikin­ji möh­le­te da­laş et­me­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ki­si­da bu ka­ra­ry­ny par­ti­ýa­nyň meş­hur­ly­gy­nyň pe­sel­me­gi se­bäp­li öz­gert­me­le­riň ze­rur­ly­gy bi­len dü­şün­dir­di. Uzak ara­ly­gy aýak­ýa­la­ňaç geç­di. Ni­der­land­ly 37 ýaş­ly An­ton No­ten­bom Ka­li­for­ni­ýa­dan Nýu-Ýor­ka çen­li aýak­ýa­la­ňaç 175 gün­de 3 müň 450 ki­lo­metr ýol ge­çip, re­kor­d goý­dy. Öň­ki re­kord Fran­si­ýa­dan Is­pa­ni­ýa çen­li 3 müň 409 ki­lo­metri aýak­ýa­la­ňaç ge­çen pol­şa­ly Pa­wel Du­ra­kie­wi­çe de­giş­li­di.

Wagyz-nesihat maslahaty

Tejen etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we beýleki degişli guramalaryň bilelikdäki meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Zähmeti goramak, sagdyn we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylygy wagyz-nesihat etmek, düşündirmek maksady bilen bolan maslahata edara-kärhanalaryň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatda ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler barada gürrüň edilip, zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusynda aýdyldy. Degişli kanunçylygyň düşündirilmegi çäräniň ähmiýetini we netijeliligi artdyrdy.

“Tegelek stoluň” başynda geçen söhbetdeşlik

Bäherden etrap merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek maksady bilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan söhbetdeşlik «Halk Maslahaty — halk bähbitli beýik işleriň kepili» diýlip atlandyrdy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler il-ýurt bähbitli meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleri bilen geňeşmek türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän häsiýetli aýratynlygydygyny, bu gün halkymyzyň bu durmuş tejribesiniň giňden dabaralanýandygyny Halk Maslahatynyň alyp barýan işlerinden aýdyň görünýändigini belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler dogrusynda gürrüň ediler, öňde duran wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýaş nesil sagdyn durmuş bilen

Tejen etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 1-njy çagalar bagynda “Ýaş nesil sagdyn durmuş bilen” şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýaş nesli berk bedenli, watansöýüji, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek maksady bilen geçirilen duşuşyga terbiýeçi mugallymlar gatnaşdy. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek boýunça täsirli çykyşlar diňlendi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän, adam saglygy üçin peýdaly bolan melhemlik ösümlikler barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Kanunçylyk düşündirildi

Zähmeti goramak boýunça kanunçylygy ilata düşündirmek maksady bilen, şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda etraplarda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň etrap bölümi tarapyndan guralan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi we ýokary derejede dynç almagy ugrunda edilýän aladalar dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berildi.

Gözelliklere baý mekan

Bäherden etrabynyň çägi gözelliklere we täsinliklere baýdyr. “Arçman”, “Ýyly suw” şypahanalary, “Köw ata” ýerasty köli hem uly meşhurlyga eýe bolan ýerlerdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerinde melheme baý şol ajaýyp ýerler barada täsirli gürrüň açylýar. “Köw ata” ýerasty köli boýunça syýahat hem guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda, zähmet rugsady wagtynda etrabymyzdaky meşhur “Arçman” şypahanasyna gelip, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy, şeýle-de agtyjaklary hem-de çowlugy bilen şypahananyň çägi boýunça gezelenç etmegi ählimizde buýsanç duýgusyny döretdi.

Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň sport mekdebinde “Watansöýüji ýaşlar — ýurduň geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, sagdynlyk ruhunda terbiýelemek hem-de asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga ýaş türgenler gatnaşdy. Duşuşykda etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy Täçmyrat Şyhberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Rejepnur Ataýew, sport mekdebiniň tälimçileri Parahat Amanow, Hurmagül Annagurbanowa çykyş edip, Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän ajaýyp şertler barada giňişleýin durup geçdiler.

Ekinlere daşky gurşawyň täsiri

Ösüm­lik­le­riň ýa­şaý­şy üçin daş­ky gur­şa­wyň bel­li bir şert­le­ri ze­rur­dyr. Ola­ryň esas­la­ry ýag­ty­lyk, ýy­ly­lyk, suw, top­rak­da­ky iý­mit ele­ment­le­ri, ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy we kis­lo­rod­dyr. Ýy­ly­lyk aky­my to­hu­myň şi­ne­le­me­gi we gö­ge­rip çyk­ma­gy, gä­mik­le­riň eme­le gel­me­gi, ösüm­lik­le­riň su­wy we iý­mit mad­da­la­ry­ny so­rup al­ma­gy, or­ga­ni­ki mad­da­la­ryň dö­re­me­gi, dür­li or­gan­la­ryň eme­le gel­me­gi hem-de ösüp boý al­ma­gy we ola­ryň ösü­şi­niň her bir döw­rü­niň bo­lup geç­me­gi üçin ze­rur­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy ösüm­lik­le­riň ýa­şaý­şy­nyň äh­li ta­rap­la­ry­na tä­sir ed­ýär.

Garaşsyzlyk – halkymyzyň buýsanjy

Welaýat zenanlar bölüminde

Gyz edebi gyzyldan gymmatly Düýn şeýle at bilen welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde welaýat we Mary şäher zenanlar bölümleriniň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlar merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde zähmetsöýer, işewür zenanlarymyzyň on barmagyndan, ýürek yhlasyndan dörän milli el işleriniň, şaý-sepleriniň, haly önümleriniň we nakgaşlyk eserleriniň sergisi guraldy.

Ila­ty has çalt art­ýan ýurt­lar

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de ilat sa­ny­nyň azal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, köp ýurt­da ila­tyň sa­nynyň kö­pel­me­gi­ do­wam e­d­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ila­ty has köp art­ýan ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da Gü­nor­ta Su­dan bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ýurt­da ila­tyň ar­tyş tiz­li­gi ortaça 4,65 gö­te­rim. Ikin­ji orun­da­ky Ni­ge­riň ila­ty bol­sa, her ýyl­da or­ta­ça 3,66 gö­te­rim kö­pel­ýär. Üçün­ji orun­da­ky An­go­la­nyň ila­ty hem ýyl­da 3,33 gö­te­rim ar­typ­dyr. Bu gör­ke­zi­ji Be­nin­de 3,29 gö­te­rim, Ek­wa­tor Gwi­ne­ýa­syn­da 3,23 gö­te­rim, Ugan­da­da 3,18 gö­te­rim, Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­syn­da 3,11 gö­te­rim, Çad­da 3,01 gö­te­rim, Ma­li­de 2,9 gö­te­rim we Zam­bi­ýa­da 2,83 gö­te­rim bo­lup­dyr. Sa­naw­dan gör­nü­şi ýa­ly, il­kin­ji on­lu­ga di­ňe Af­ri­ka ýurt­la­ry gi­rip­dir. Af­ri­ka­nyň ila­ty yzy­gi­der­li ar­typ, ge­çen asy­ryň ba­şyn­dan bä­ri on es­se kö­pe­lip­dir.

Iri ener­gi­ýa tas­la­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ri­ler

Awst­ra­li­ýa ägirt uly tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Bu ýurt­da gu­rul­jak Gün be­ke­di ar­ka­ly ön­dü­ril­jek elekt­rik ener­gi­ýa­sy Sin­ga­pu­ra ibe­ri­ler. Umu­my ba­ha­sy 19 mil­liard dol­lar­lyk tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de 30 müň gek­tar meý­dan­da Gün pa­nel­le­ri otur­dy­lar. Ýur­duň daş­ky gur­şa­wy­nyň üýt­ge­me­gi se­bäp­li, Ener­gi­ýa we suw mi­nistr­li­gi Awst­ra­li­ýa-Azi­ýa «Po­wer­Link» at­ly tas­la­ma rug­sat ber­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len ýur­duň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Mi­nistr­lik dün­ýä­niň iň uly Gün elekt­rik be­ke­di­niň gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu ýer­de ön­dü­ri­len elekt­rik ge­çi­ri­ji­si In­do­ne­zi­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka­syn­dan ge­çip, Sin­ga­pu­ra ba­ryp ýe­ter. Ge­çi­ri­ji­niň 4 müň 300 ki­lo­metr­lik bö­le­gi In­do­ne­zi­ýa­nyň ke­na­ryn­dan, deň­ziň aşa­gyn­dan ge­çer. Tas­la­ma­ny iş­läp taý­ýar­lan «Sun Cab­le­dan» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýyl­da önüm­çi­li­ge baş­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Ada­lar­da myh­man­ha­na gur­lar

Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 90 ada­nyň üs­tün­de ka­şaň myh­man­ha­na­lar gur­lar. Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na 500 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum goý­be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mun­dan ozal ýurt­da uzyn­ly­gy 170 ki­lo­met­re ba­ra­bar «The Li­ne» at­ly tas­la­ma mä­lim edi­lip­di. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de «akyl­ly» şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Tä­ze tas­la­ma bol­sa, «Red Sea Pro­ject» (Gy­zyl de­ňiz tas­la­ma­sy) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu tas­la­ma­da, Gy­zyl de­ňiz­de ke­nar­dan uzak­da­ky adam aýa­gy sek­me­dik ada­lar­da ka­şaň myh­man­ha­na­lar top­lu­my gur­lar. Sy­ýa­hat­çy­lyk top­lu­my ýur­duň gün­ba­tar ke­na­ryn­da­ky Um­luj we El-Wajh şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ýer­le­şip, 28 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tu­tar. Hä­zir­ki wagt­da bu ada­lar çöl­den, dag­dan we sö­nen wul­kan­dan eme­le ge­lip­dir. Ada­la­ryň kö­pü­siniň 75 gö­te­rim ýe­rin­de hiç hi­li gur­lu­şyk iş­le­ri ge­çi­ril­män, te­bi­ga­ty üýt­ge­dil­

Wagyz-nesihat çäresi

Pyragynyň döredijiligi terbiýe çeşmesidir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylymyza mynasyp at bermek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär.

Elekt­rik­li At ara­ba­la­ry

Soň­ky ýyl­lar­da ösen teh­no­lo­gi­ýa ne­bit ýan­gy­jy­nyň ýe­ri­ne ba­ta­re­ýa bi­len iş­le­ýän dür­li ulag­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­me­gi ho­wa goý­be­ril­ýän tüs­sä­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Esa­san, ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri çy­ka­ryl­ýan hem bol­sa, uçar­lar, ýük ulag­la­ry we gur­lu­şyk ma­şyn­la­ry­nyň hem elekt­rik bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de bol­sa, sy­ýa­hat­çy­la­ryň gez­di­ril­me­gi üçin ula­nyl­ýan at ara­ba­la­ry elekt­rik­li edil­di. Şeý­le­lik­de, Brýus­sel sy­ýa­hat­çy­la­ry şä­he­re aý­la­mak üçin tok bi­len iş­le­ýän at ara­ba­la­ry­ny ula­nan il­kin­ji şä­her bol­dy. Şä­he­riň mej­li­si 2022-nji ýyl­da at ara­ba­la­ry­nyň ýe­ri­ne elekt­rik ener­gi­ýa­ly ara­ba­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­ra­da ka­rar ka­bul edip­dir. Go­laý­da iki ara­ba at­la­ryň de­re­gi­ne elekt­rik­li mo­tor bi­len he­re­ket edip baş­lap­dyr. Bu ara­ba­lar Pol­şa­da ön­dü­ri­lip­dir. Go­laý­da ýe­ne bir ara­ba­

Dün­ýä­niň iň uly ýaşly yn­sa­ny

Dün­ýä­niň iň uly ýaşly yn­sa­ny ha­sap­lan­ýan Ma­ri­ýa Bran­ýas Mo­re­ra 117 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li Is­pa­ni­ýa­da ýa­şan Mo­re­ra 1907-nji ýy­lyň 4-nji mar­tyn­da ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de dün­ýä inip­dir. Mo­re­ra­nyň maş­ga­la­sy X ak­ka­un­dyn­da: «Ma­ri­ýa Bran­ýas ara­myz­dan git­di. Ol is­leý­şi ýa­ly: uku­da­ka, ra­hat ýag­daý­da we gy­nan­man git­di» diý­ip ýaz­dy. Ge­çen ýyl fran­si­ýa­ly ze­nan Lýu­sil Ran­don ara­dan çy­kan­dan soň­ra, 100 ýaş­dan ulu­la­ryň mag­lu­mat­la­ry­ny tas­syk­la­ýan Ge­ron­to­lo­gi­ýa bar­lag to­pa­ry Mo­re­ra­nyň dün­ýä­niň iň uly ýaş­ly yn­sa­ny­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Mo­re­ra şu ýy­lyň mar­tyn­da 117 ýa­şap­dy.

«Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat tap­gy­ry ge­çi­ril­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat tap­gy­ry «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki giň toý meý­dan­ça­syn­da uly da­ba­ra bi­len ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­ge des­lap­ky tap­gyr­lar­da ýe­ňiş ga­za­nyp, öňe saý­la­nan ýaş hö­wes­jeň aý­dym­çy­la­ryň 10-sy gat­naş­dy. Ýaş aý­dym­çy­la­ra ýü­rek joş­gu­ny­ny we ukyp-ba­şar­ny­gy­ny do­ly açyp gör­kez­mä­ge äh­li şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir. Şi­rin aý­dym­la­ryň owa­zy­na bes­le­nen te­le­bäs­le­şik ha­ky­ky sun­gat baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­di. Ýaş ze­hin­le­riň sah­na­da özü­ni alyp bar­şy­na, egin-eşi­gi­ne, aý­dym­la­ryň sö­zü­ni dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ne emin­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan my­na­syp ba­ha be­ril­di.

Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?

Şu gün­ler ýurdumyzyň äh­li se­bit­le­rin­de ys­sy ho­wa aky­my do­wam ed­ýär. Howanyň ys­sy gün­ler­inde sag­ly­gy­ňy dur­nuk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň çak­da­na­şa gyz­ma­gy adam be­de­nin­de dür­li näsaz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün­di­ziň jöw­za­ly ys­sy­syn­da ça­ga­la­ryň da­şar­da oý­na­mak­la­ry­na ýa-da ge­ze­lenç et­mek­le­ri­ne rug­sat ber­me­li däl. Ýaş ça­ga­nyň be­de­ni­ne ge­rek bo­lan D wi­ta­mi­ni al­mak üçin her gün ir­den sa­gat 09:00-a çen­li, ag­şam sa­gat 18:00-dan soň 15-20 mi­nut ge­ze­lenç et­mek ýe­ter­lik­dir. Gün şöh­le­si uly adam­lar üçin hem ze­rur­dyr. Be­den üçin ge­rek bo­lan Gün şöh­le­si ka­bul edil­me­se, adam­da keýp­siz­li­giň, uky­nyň bo­zul­ma­gy­nyň we ga­har­jaň­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýö­ne Gün şöh­le­si­niň do­wam­ly tä­si­ri­niň be­de­ne örän uly zy­ýan ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni hem unut­ma­ly däl. Gün ur­ma­dan go­ran­mak üçin ak, açyk reňk­li egin-eşik­le­ri, ba­şy­ňa baş­gap geý­mek ýa-da ýag­lyk da­ňyn­mak, şeý­le-de gö­zü­ňe Gün şöh­le­sin­den go­raý­jy äý­nek­le­ri da­kyn­mak we be­den­dä­ki