Welaýat zenanlar bölüminde

23 Awgust 2024
123

Gyz edebi gyzyldan gymmatly

Düýn şeýle at bilen welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde welaýat we Mary şäher zenanlar bölümleriniň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlar merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde zähmetsöýer, işewür zenanlarymyzyň on barmagyndan, ýürek yhlasyndan dörän milli el işleriniň, şaý-sepleriniň, haly önümleriniň we nakgaşlyk eserleriniň sergisi guraldy.