Robotlar gündelik durmuşa aralaşýar
Golaýda Hytaýyň paýtagty Pekinde Bütindünýä robot maslahaty geçirildi. Bu maslahatda 20-den gowrak adamsypat robot köpçülige görkezildi. Robotlar emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa olara edil adam ýaly geplemäge we sowallaryňa jogap bermäge mümkinçilik berýär. «EX Robots» we «Astribot Co.» atly kompaniýalaryň robotlary has köp adamyň ünsüni çekdi. Gündelik durmuşda ulanmaga niýetlenen robotlaryň arasynda «Astribot S1» atly robot adama has köp meňzeşligi bilen tapawutlanýar. Bu iki kompaniýa hem şu ýylyň dowamynda robotlaryň täjirçilik maksatly önümçiligini ýola goýmak isleýär.