Döw­re­bap bi­lim we kä­mil ter­bi­ýe

30 Awgust 2024
34

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap derejede bilim hem-de terbiýe bermek babatdaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän möhüm özgertmeleri öz miwesini eçilýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň bar­ha kä­mil­leş­ýän we döw­re­bap­laş­ýan şert­le­rin­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi üçin dün­ýä tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bi­lim sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şu mak­sat bi­len yl­my-teh­ni­ki ösüş­le­re, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýa­nyp, bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­ma­gy, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­si bol­ma­gy, wa­tan­çy­ly­gyň hem-de yn­san­per­wer­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.