Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş deňiz derejesiniň beýgelýändigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý Ýuwaş ummanyndaky ada ýurtlary üçin töwekgelçilik döredip biler. Ol munuň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligini gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň ulanylyşyndan el çekmäge çagyrdy. Ol bu barada «Üýtgediji we çydamly Ýuwaş ummany: has gowusynyň gurluşygy» ady bilen Tonga Patyşalygynda geçirilen forumda eden çykyşynda aýtdy. Bu forum 53-nji gezek geçirilýär. Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy gazylyp alynýan ýangyjyň sarp edilmeginiň uglerody bölüp çykarýandygyna, munuň suw derejesiniň ýokarlanmagyna getirýändigine ünsi çekdi. BMG-niň bu barada taýýarlan maglumatynda 1990-2020-nji ýyllar aralygynda Tonganyň paýtagty Nukualofada deňiz derejesiniň 21 santimetr beýgelendigi bellenilýär. Bu görkeziji dünýäniň ortaça görkezijisinden iki esse köpdür. Şeýle hem maglumatda Samoanyň Apia şäherinde deňiz derejesiniň 31 santimetr, Fijiniň Suwa şäherinde 29 santimetr beýgelendigi bellenilýär.
Guterriş iri kompaniýalar bilen ösen ýurtlaryň klimat bilen bagly ylalaşyklarda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmelidigini hem-de klimatyň üýtgemeginiň täsir eden ýurtlaryna berilýän maliýe goldawynyň köp mukdarda artdyrylmalydygyny aýtdy.